Ýörite okuw gutaryp gelen Selbi bilen ýaş hünärmen Wepa oba gelýärler. Wepa Selbini oba bilen tanyşdyrýar. Selbi köpleriň göwnünden turýar. Oba dellekçisi Bammat Selbä özüniň söýýändigini duýdurýar we durmuşa çykmaga razylyk soraýar. Selbi oňa özüniň başga birini söýýändigini syzdyrýar. Gahary gelen Bammat ýaşlaryň arasyna tow salýar, ol Kemal bilen Yhlasy tersleşdirýär.
Selbi oba adamlarynyň medeniýetli, düşünjeli, ruhunyň baý bolmagy ugrunda çalyşýar.
Öň ýetimçilik derdini çeken gyz durmuşyň çylşyrymly tilsimlerine döz gelip, öz bagtyny tapýar. Adalatlylygy, watansöýüjiligi, wepadarlygy, ahlak päkligini uly bagt hasap edýän ýaş gyz, oba medeniýetini galdyrmak ugrynda köp işler bitirýär.
Sahna oýnunda ýaşlaryň öz saýlan kärini söýüşleri, biri-birlerine kömek edişleri wasp edilýär.
Ýaş hünärmen Selbi obada halaýan ýigdine duşýar oňa durmuşa çykýar. Şeýle hem öz mähriban ejesini tapýar. Oba adamlarynyň bagtyýar durmuşy joş alýar.