Sahna barada maglumat

Baý gelin
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Sahna oýny döwür bilen aýakdaş gidýän, esli ýeri kärendä alan, ondan gazanç baryny edinýän baý gelin, üstesine-de başy boş gelin Eneş Amanowna hakynda. Degişmelerden, gülküli sahnalardan ýüki ýetik, ajaýyp aýdymlar bilen bezelen bu oýun başy boş bir baý kärendeçi gelniň üsti bilen oba hojalygyny ösdürmek, täze oba syýasatyny ile ýaýmak, medeni ýadygärlikleri goramak ýaly bagtyýarlyk döwrüniň wajyp meselelerini ör boýuna galdyrýar. Baý gelni (ele saljak) bolýan ýigitler köp. Olaryň biriniň gelniň owadanlygyna pisindi otursa, biri onuň baýlygyna göz gyzdyrýar. Arheolog Ylham bolsa, bu başarnykly gelni ýürekden söýýär. Gelin hem ony halaýar. Her dürli wakalardan soň Ylham bilen Eneş biri-birlerine göwün berýärler.

Ýaşlary Watançylyk ruhunda terbiýelemek, pederlerine wepaly bolmak, ahlak päkligi baradaky söhbet, päk söýgä wepaly bolmak, ynsanperwerligi ündemek ýaly temalar bilen utgaşýar. Ajaýyp döwrümiziň işeňňir kärendeçisini, ata-babalarymyzyň taryhyny öwrenmegi hemme zatdan ileri tutýan arheology her taraplaýyn häsiýetde görkezýän bu gülküli sahna oýnunda teatryň artistleri Mähri Annageldiýewa, Nury Hudaýgulyýew, Tirkeş Mätnazarow dagy juda üstünlikli çykyş edýärler.

Bir söz bilen aýdanyňda Berkararlyk döwrüniň ajaýyp adamlarynyň keşplerini wasp edýän bu tomaşa, halk köpçüliginiň söýgüli eserine öwrüldi

      Keşpleri döredýän artistler

1. Eneş – Türkmenistanyň halk artisti Mähri Annageldiýewa

2. Bipbi – Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýsoltan Kowusowa

3. Köpelgeldi – Türkmenistanyň at gazanan artisti Kuwwat Çaryýew

4. Ylham – Türkmenistanyň halk artisti Nury Hudaýgulyýew

5. Jeýhun – Türkmenistanyň at gazanan artisti Tirkeş Mätnazarow

6. Sähet – Türkmenistanyň at gazanan artisti Şatlyk Halykow

7. Erikgül– Türkmenistanyň halk artisti Halbeýke Dowyýewa

8. Annajemal – Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşirin Annamyradowa

Köpçülik sahnalarda – teatryň artistleri we balet topary.