Sahna barada maglumat

Amul Hazar arasy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň   “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ajaýyp eseri esasynda ýazylan, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowyň sahnalaşdyran bu sahna oýny bäş bölümden ybarat bolup, gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda,  Jeýhundan goja Hazara çenli aralykda bolup geçen wakalar, şahyryň pelsepe äheňli oýlanmalary, türkmeniň ata Watanyna, il-gününe bolan söýgüsi wasp edilýär. Eserde aşyk bolan soltanyň, hatynyna müňkürlik eden patyşanyň, ahlak päkligini eziz janyndan belent saýan zenanyň, il-gününiň aman bolmagy üçin synasyndan geçen mergenleriň, Watan üçin janyny orta goýan ýigitleriň keşbi örboýuna galýar.

Awtor bu eserinde türkmeniň taryhynda yz galdyran Soltan Sanjar, Parawbibi, Daýahatyn ýaly şahsyýetler baradaky rowaýatlardan, Amul Merw, Köneürgenç, Abuwerd, Dehistan illerinde bolup geçen wakalardan peýdalanýar.

Ajaýyp rowaýatlaryň, tymsallaryň, taryhy wakalaryň üsti bilen watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, asudalygy wasp edýän bu sahna oýny Hormatly Prezidentimiziň “Öňe, diňe öňe jan Watanym Türkmenistan” diýen göwün göteriji aýdymy bilen jemlenýär.