Sahna barada maglumat

Aýna
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Halyçy gyz Aýna, çopan ýigit Derýany söýýär. Aýnany hemmeler gowy görýärler, sebäbi ol ökde halyçy, täze nagyşlaryň, gölleriň, çitimleriň ussady. Aýna özüniň ýaňy dokap bolan halysyny kesýär. Hemmeler onuň çeper eliniň hünärine haýran galýarlar we onuň öz hünäri boýunça okamagyny isleýärler. Amanow Aýnany okuwa goýbermekligiň kyn düşjegini duýýar, emma onuň okamagyny isleýär. Soltan eje hem muňa garşy däl. Derýa Aýnadan “näme üçin gidýärsiň, sen meni oda salýaň, näme-de bolsa meni unutma“ onuň okuwa gitmegi bilen razylaşýar. Obadaş oglan Gurban Derýa gyjalat berýär. “Hak aşyklar elden bermez ýaryny“ diýýär. Bu sözler Derýany ünjä goýýar. Emma Aýnanyň gitmegine garşy bolup duranok. Gurban bolsa, öz söýgülisi Maýa halyçy bolan soň, Aýna ondan has ozdurar diýip pikir edýär. Şonuň üçinem ol her hili ýol bilen Aýnanyň okuwa gitmegine garşy çykjak bolýar. Aýna bolsa Aşgabada gitmek meselesini “Derýa däl, men çözýärin“ diýip aýdýar.

Aşgabatda haly fabriginiň golaýynda ýerleşýän çaýhananyň çaýçysy Sapar çaýçy halyçy gyzlara çaý gaýnadyp berip olara hyzmat edýär. Şol ýerde Maýa-da bar Aýna-da. Şonuň ýaly hem Sapar çaýçynyň söýgülisi Bibi hem işleýär. Sapar çaýçy uly höwes bilen wasp edýär hem Bibiniň özüne durmuşa çykmagyny isleýär.

Ene daýza halyçylara Watanyň toýuna sowgat edip täze toý halysyny dokamalydyklaryny buşlaýar. Hemmeler şat. Emma Gurban Aýna Maýadan üstün çykaýmasyn diýip howatyrlanýar we Aýnanyň garşysyna emel etjek bolýar. Aýna şol täze hala Watanyň ajaýyp keşbini çekmekligi ýüregine düwendigini aýdýar. Gurban “Aýna sen gijä galdyň, Maýa ol halyň üstünde eýýäm işläp ýör“ diýýär. Gurbanyň bu habary Aýnany birahatlandyrýar. Emma jorasy Maýa hemme zady aýan edýär. Gurbanyň gyzlaryň ikisini hem aldandygyny äşgär edýär. Aýna bolsa “halyny ikimiz bileje dokarys“ diýip jorasyny begendirýär.

Gurban Aýnanyň ýitiren gülýakasyny, Derýanyň sowgadyny tapýar we ony Aýnanyň garşysyna ullanjak bolýar. “Aýna başga birini söýýär, gülýakany saňa gaýtaryp ber diýdi“ diýip Derýany ynandyrjak bolýar. Emma hakykat, azat söýgi hemme zatdan üstün çykýar. Hemmeler Aýnany gutlaýarlar we toý dabarasyna başlaýarlar.

   OÝNA GATNAŞÝANLAR

1. Aýna – Gözel Annahanowa

2. Derýa – Türkmenistanyň at gazanan artisti Atajan Berdiýew

3. Maýa – Şirinjan Gurbanowa

4. Perman – Begenç Gaýypow

5. Sapar – Türkmenistanyň at gazanan artisti Akmyrat Nurberdiýew

6. Bibi –Gözel Öwezowa

7. Ene – Gözel Nedirowa

8. Soltan eje – Nurjemal Rahmedowa

9. Aman Amanow – Türkmenistanyň at gazanan artisti Tirkeş Mätnazarow

Köpçülik sahnalarynda teatryň artistleri hem-de Türkmenistanyň döwlet hory we Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary.