Sahna barada maglumat

Ýusup-Züleýha
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry

Edebiýatda söýgi, ahlak mowzugy ýaly hiç wagt garramaýan garramaýan nyşan hökmünde ýaşap gelýän hakyky keşpler  hem bolýar. Rüstemiň pälwanlygyň, Lukmanyň tebipligiň, Mejnunyň söýginiň, Karunyň keşbiniň harsydünýäligiň alamaty bolşy ýaly, Ýusubyň keşbi hem edebiýatda owadanlygyň, görklüligiň nusgasydyr. Dünýä folklorynyň iň gowy  ýordumlarynyň biri, owadanlykda dünýäni aňk eden Ýusup hakyndaky  dürli  eýýamlarda we dürli halklaryň arasynda dörän  bu rowaýat üç müň ýyldan gowrak wagtdan  bäri adamzady haýran edip gelýär. Aslynda arap ertekisiniň esasynda döräp, dini kitaplara, Rabguzynyň  «Kasasyl Enbiýa»  kitabyna hem giren  bu rowaýat biziň eýýamymyzdanam öň ýaýrapdyr diýip çak edilýär. Häzire çenli dünýä dilleriniň onlarçasynda – arap, pars, türkmen, türk, özbek we başga dillerde bu rowaýat  esasynda şol kyssanyň  esasynda  dürli žanrdaky  eserleriň 117 nusgasy döredilipdir. Türkmen nusgawy edebiýatynda  hem bu temadan  eserler döredilipdir. Beýik Magtymguly  Pyragynyň “Çekem Ýusup diýe-diýe”, “Söwdügim” goşgulary, türkmen  şahyry Alynyň “Kyssaýy Ýusyby”, Nurmuhammet Andalybyň “Ýusup-Züleýha”  dessany meşhurdyr. Bu asylly işi dowam etdirip, häzirem meşhur söz ussatlary, dramaturglar,  kino we teatr režissýorlary ajaýyp kyssa eserlerini, saz hem sahna eserlerini, çeper filmleri döredýärler.

Olaryň  ählisinde diýen ýaly gadymy rowaýatyň mazmuny saklanyp galypdyr. Baş drama teatrynyň sahnasynda goýlan  “Ýusup—Züleýha” (awtory B.Suhanow)  pýesasynyň  mazmunynyň maýasynda  hem şol meşhur erteki ýatýar. Ertekide: “Kenganly Ýakubyň birnäçe ogly bar. Ol Ýusuby hemmesinden eý görýär. Beýleki ogullary göriplik edýärler. Ýusup düýş görýär. Atasy onuň düýşüni ýorup, ýurda patyşa boljakdygyny aýdýar. Agalary eşidip, Ýusuby ýok etmegiň ugruna  çykýarlar. Ýusuby çöle äkidip, ilki guýa oklaýarlar, soň ony gul edip satýarlar, Ýakuby bolsa Ýusuby gurt iýdi  diýip aldaýarlar. Söwdagärler Ýusuby Müsüre äkidip satýarlar. Ertekide täjiriň aýaly, pýesada Züleýha töhmet atyp Ýusuby zyndana saldyrýar. Patyşa düýş görýär, düýşünde derýadan çykan ýedi sany semiz sygry suwdan  çykan hor sygyr iýýär. Ýusup şanyň düýşüni «edi ýyl dokluk, ýedi ýylam açlyk  bolar” diýip ýorup berýär. Patyşa Ýusuby wezir edip belleýär.

Bu gadymy hem müdimi rowaýaty sahnada görmek isleýän tomaşaçylaryň az däldigini nazarda tutup, Baş drama teatrynyň sahnasynda  bu  eseri  režissýor Eziz Işangulyýew sahnalaşdyrdy. Dessanyňam, rowaýatyňam  iň täsirli, iň bir manyly, çeper ýerleriniň  bir ýorduma düzülmegi  tomaşaçynyň  ünsüni,  başdan-aýak dartgynly ýagdaýda (intrigany) saklap bilýär. Spektaklda Ýusubyň gelmegi, ol hakda  şäher bazarynda, kerwensaraýlarda, hatda  patyşanyň köşgünde, Züleýhanyň töweregindäki zenanlaryň arasynda-da dürli gürrüňler edilýär. Züleýha-da şolaryň biri. Ol Ýusubyň husnuny görüp, aşyk bolup, dünýäni unudýar. Agramyna deňe-deň gyzyl berip bazardan satyn alýar, köşgüne-de getirýär, zyndana-da  salýar, ýöne ol sütem bilenem, gahar bilenem, gowy görmek bilenem, hyzmat görkezibem onuň ýüregini eredip bilmeýär. Asyl Ýusup bilen sataşýanlaryň hemmesi  haýranu—serasima. Köşkde tagam taýýarlap oturan gelinler onuň ajaýyplygyny görüp, ellerini kesenlerinem duýman galýarlar, zyndana düşen Nanbaýa çenli  günälerini birin-birin sanap otyrlar. Garaz, halk arasynda ýaýran rowaýatlarda, miflerde  Ýusup hakynda bar bolan gürrüňleriniň iň täsirlileri alnypdyr  we ol wakalar  garşylyklar ýiteldigiçe  barha açylyp, özüne   çekýär .

Spektaklyň ahyryna çenli  Ýusubyň owadan keşbi üçin ony gul ornunda goýup satýanlaram, baýlygyna baýyrnyp satyn alyp zulum edýänlerem, özüni söýdürjek bolýanlaram ahyrsoňunda Ýusubyň owadanlygynyň onuň ýüregindedigine, saplygyndadygyna, hakykatdadygyna, ýagşylykdadygyna göz ýetirip, ahmyr edýärler, toba gelýärler.