I görnüş. Parfiýa şalygynyň hökümdary Ärsak şanyň Çyn-Ma-Çyna ugradan agyr kerweni Nusaýa gaýdyp gelýär. Syýahatda bolup gelenler Çyn-Ma-Çynda gören-eşiden, bilen-goýan zatlary barada gürrüň berýärler. Parfiýa şalygynyň kerweni bilen Çin ilçileriniň hem Nusaýa gelendiklerini habar berýärler.
Adna beg şazada Ataş Şiriň Çyn-Ma-Çyn bazarynda, ýyrtyjy haýwanlary uruşdyryp tomaşa edilýän ýerde bir gyzjagazy gaplaňyň penjesinden halas edişini, ol gyzyň bolsa Hytaý hökümdarynyň gyzy bolup çykandygyny, şa gyzynyň çakylygy bilen köşge baryşlaryny aýdyp berýär.
II görnüşde Aý-Su-Lu hanymyň köşgünde bolan wakalar ýaýbaňlanýar. Aý-Su-Lu hanym bir bakyşda öz halasgäri Ataş Şire aşyk bolýar. Ataş Şir hem Aý-Su-Lu hanymyň aý kamatyna, mähir-muhabbetine maýyl bolýar. Aý-Su-Lu hanymyň enekesi Zyýada, bazarda şa gyzynyň täleýine garan bilgiç gojanyň aýdan zatlarynyň çyn bolup çykmagyndan ätiýaç edýär.
Aşyk-magşuklar bir-birege gowuşmak umydy bilen hoşlaşmaly bolýarlar.
III görnüşde Nusaýdaky wakalar görkezilýär. Ärsak şa hem Şa zenan ogullaryna Aý-Su-Lu hanymy alyp bermegi ýüreklerine düwýärler.
Çyn-Ma-Çyndan gelen ilçiler Çin hökümdarynyň Ärsak şadan Gün ýurdundan Tün ýurtlaryna gatnajak kerwen ýollarynyň Parfiýa topragy üstaşyr geçmegine rugsat bermegini haýyş edýändigini habar berýärler.
Bu babatda maslahat edilende köşk emeldarlarynyň käbiri “ýüpek syrynyň Parfiýa şalygyndan gizlin saklanýandygyny” delillendirip, kerwen ýolunyň geçmegine garşy çykýar. Ýöne, Ärsak şa Çin ilçilerine ol kerwen ýolunyň Parfiýa topragy üstaşyr geçmegine rugsat berýändigini yglan edýär, hem-de Çin şasyna aždaryň şekili çitilen halyny sowgat ýollaýar.
Ärsak şa Pir Atany Çin ilçileriniň ýanyna goşup, ony Aý-Su-Lu hanym üçin Çyn-Ma-Çyna sözaýdyjy ýollaýar.
VI görnüş. Çin hökümdarynyň şa gyzyny şazada Ataş Şire durmuşa çykarmaga razy bolandan soň, Çyn-Ma-Çyn ýurdunda uly bir toý toýlanýar. Aý-Su-Lu hanymyň atasy hem enesi ýaşlara ak pata berip, arzuwlaryny, wesýetlerini aýdyp, olary gelnalyjy kerweni bilen Nusaýa ugradýarlar.
V görnüşde Nusaýdaky toý-dabaralar beýan edilýär. Aý-Su-Lu hanym Parfiýa iline sowgat hökmünde ýüpek gurçugynyň tohumyny serhetden baş gabynda gizläp alyp gelýär. Bu ahwaly Çin şasyna habar berýärler. Çin hökümdary gyzyna gaharlanmaýar, tersine, gyzynyň bu eden işini oňlaýar. Gyzyna guwanýandygyny, özüniň hem parfiýaly garyndaşlara şeýle sowgat etmek hyýalynda bolandygyny hat üsti bilen habar berýär.
Parfiýa hökümdary, şa zenany gelinlerini mähir bilen garşy alyp, olara ak ýol, bagtly durmuş arzuw edýärler.
Tebiller kakylýar, şatlyk çalynýar. Alysdan-ýakyndan myhman çagyrylyp, Beýik Parfiýada owazasy asyrlara ýaň saljak toý-dabara başlanýar.
Epilogda ähli sahna oýnuna gatnaşyjylar Arkadag Prezidentimize gadymy ýüpek ýoluny täzeden dikeldip, dünýä halklarynyň dostluk-doganlygyny has-da berkitmekde alyp barýan ägirt uly işleri üçin joşgun bilen alkyş aýdýarlar.