Sahna barada maglumat

Seniň wepaň üçin
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry

Şäherde ýaşaýan bir maşgalanyň durmuşynda bolan waka  esasynda ýazylan, kä gülküli, kä gamly durmuşy sahna oýny. Öňi bilen aýtmaly zat,  eserde gozgalýan wakanyň her bir maşgalada bolup biläýjek, ýüze çykaýjak, nesilleriň arasynda ýüze çykaýjak adaty  wakadygyny aýtmaly. Muhammetdurdy aga  bütin ömrüne zähmet çekip, indem pensiýa çykyp, gojalygyny  maşgalanyň, ogul-gyzyň arasynda, agtyklaryna guwanyp ýaşaýjak  wagty. Onuň kemally çagalaryna hemmäniň gözi gidýär. Ýöne hemme zat daşyndan görnüşi ýaly däl, Muhammetdurdy aganyň aýaly ýogalansoň, onuň gününi düzedäýmek niýeti ýok däl. Şonuň üçinem ol zatlary ogul-gyza geňeşip oturmagy artykmaç görüp, öz göwün beren aýaly göwnese  bolanydyr-da diýen pikirden ugur alýar. Şonuň üçinem, ol Täçsoltan Myradowna  bilen goş birikdirmek, ömürleriniň galan bölegini  bile geçirmek hakda maslahatlaşypdyrlar we  olaryň bu gepleşikleri sahna-da az görkezilýär. Onuň geregem ýok. Oňa derek Muhammedurdy aganyň ogly Şirli bilen gelni Gülşadyň, gyzy Altynyň   howsala düşüşleri sahnada janlanýar. Altyn  kakasynyň bir aýal bilen tanyşlyk açyp, gatnaşyk saklaýandygyny ondan mundan eşidip gelip agasyna ýeňňesine çişirip, howsala düşüp aýtmagy bilen başlanýar. Ol aýagy oda bişen ýaly bolup, bir myş eşitse ýeňňesine ýetirýär, olam  äri Şirlä aýdýar, olam  osmakladyp kakasyndan soraýar, garaz, waka ulalyp,  çişip gidip otyr. Muhammetdurdy aga hem oglunyň-gelniniň her bir soragyna jogap berjegem bolup duranok, ol özüni bu meselede erkin duýýar. Ogul bilen gelniniň bolsa gorkulary jaýlary. Erte   atalary  öýlenäýse,  onuň  täze ýanýoldaşynyň jaýa dawa etmeginiň mümkindiginden ugur alyp, «suw görmän tamman» çykarýarlar. Öý kitabyny gözläp, onam öýden tapmansoň oda düşýärler. Olar çagalarynyň  geljeginiň aladasyny edýänden bolup yrsarasalar, gyzy Altyn kakasynyň bolşundan utanyp, namys astynda galyp, ejesiniň ýagty ýadygärligini saklandan bolan-bolup  aglap-eňräp ýör. Olaryň üçüsiniňem häsiýetleriniň işlenendigini, biri-birine aýdýan gep-gürrüňleriniň türkmen maşgalasy üçin örän adaty zatlardygyny we tomaşaçynyň ünsüni  çekmek üçin gerek. Maşgalada gapma-garşylyk ýetjek derejesine ýetýär. Muhammetdurdy aga bilen Täçsoltanyň  goş birikdirjekdikleri çyn, ogul-gelniň çagalarynyň geljekki ykbalynyň gamyny iýýändikleri dogry, şonuň üçinem olar  ýaşulynyň hemme  üçin şeýle gymmatly zat öý kitabyny nädendigini soraýarlar. Muhammetdurdy aganyň ony alanam, Täçsoltana berenem dogry bolup çykýar. Ýöne müňkür bolan çagalarynyň  garaşyşy ýaly däl-de, atalarynyň  öz öýlenjek bolýan aýalynyň  jaýyna ýazga durjak bolýany ýüze çykýar. Elbetde,  Täçsoltan özüniň ýetişip  barýan ogluny ýazgy etdirjek bolýandyr diýen Altynam, «şol aýal şu öýe gelmez» diýip  aýaklaryny diräp, ýaşuly adamyň ýüzüne gelip  duran ogul-gelnem utanýar, ökünýärler. Ýöne indi giç. Göwünler syndy.

Şeýle durmuşy temanyň ýönekeýden dartgynly, ýeri gelende adamlaryň ganyny gaýnadyp, gaharyny getirýän waka—durmuşy drama ýazmagy tomaşaçynyň  gözüniň alnynda bolup geçýär.  Adamlaryň, hatda ýakyn adamlaryňam öz bähbitlerine degiljek bolnanda   sypaýyçylygy elden berip, göwünleri ýykyşlary gynandyrýar. Umuman, ýönekeý durmuşdan alnan, nesilleriň, maşgala gatnaşyklary  hakyndaky çynlakaý eser.