Gowşutgeldi Daňatarowyň «Perwana» atly spektakly häzirki Bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlarynyň durmuşynda bolup geçýän wakalar ýaýbaňlanýar. Eseriň esasy wakalary Balkanyň deňizçi bolmagy öz öňünde maksat edinen we şol ganatly arzuwlaryna ýetmek üçin nähili garşylyklara, kynçylyklara gabat gelip, olardan baş alyp çykyşy baradadyr. Balkanyň çetkiräk obalaryň birinden, Çetili çarwa bilen Jemal bibiniň ogly. Olar özleriniň ýeke ogullaryny gözden-dilden gorap, garran çaglary ömürboýy halal zähmet bilen gazanan mallaryna, emläklerine eýe bolup, özlerine-de hossar çykmagyny arzuwlap ýaşaýarlar. Emma Balkanyň döwre görä ýaşasy gelýär, okuw okap, ylymly-bilimli, hünärli, söýlüp, täzeçe ýaşasy gelýär. Örän ýerlikli hem kanuny maksat. Şonuň üçinem harby gullukda bolýar, şäherde işleýär, okuwa girýär. Bu ýolda oňa Orazmyrat aga ýaly köp okan ylymly-bilimli, ýagşy niýetli adam kömek edýär. Balkan Orazmyrat aganyň, onuň gyzy Sonanyň kömegi bilen täze dünýä, kitaplaryň dünýäsine aralaşyp, başga adam bolup ýetişýär. Ol Orazmyradyň öwüt-pendi bilen durmuşy öwrenip başlaýar: gerek bolsa suwagam edýär,gullugam edýär,okuwam okaýar, kär-hünärem öwrenýär. Özem şeýle höwes, erjellik bilen, belent maksat bilen. Netijede, onuň durmuşyň käbir meselelerine gözi açylýar, erjel ýigit bolup ýetişýär. Balkanyň ýeke goýberen hatasy, tä bilim alyp, deňizçi bolup ýetişýänçä ejesine, kakasyna, uýasy Akmaýa özüniň näme işler bilen meşgullygyny doly aýdanok, öýlerine seýrek gelýär. Ene-atasy bolsa ol hakynda kesekilerden eşiden, çaklama gep-gybatlary bilen kanagatlanmaly bolýarlar. Ýöne, ahyrsoňy Balkan esasy maksadyna ýetip, obasyna dolanýar. Çetili aga bilen Jemal ejäniň bolsa şol bir heňleri. Ogullaryny öýerjek, maksatlaryna ýetjek. Emma Balkan bu meselä-de düşünjeli çemeleşýär. Garrylara, olaryň saýlan gyzlaryna-da özüniň halaýan gyzynyň bardygyny mälim edýär. Olary Sona bilen tanyşdyrýar, Sona lukman, şypahanada ol Çetili aga bilen Jemal ejäniň saglyklaryna seredýär. Garrylar hem düşünjeli ýaşlar maksatlaryna ýetýärler. Aýdyljak bolunýan pikir her bir ynsana, sen ýaşmyň ýa garrymyň, islendik durmuş meselesine akylly-başly, oýlanyşykly çemeleşmekligiň gerekdigi, Bagtyýarlyk döwründe durmuşa akylly-başly, sowatly çemeleşip ýaşamagyň şertleriniň dörändigi nygtalýar. Eseriň ahyrynda Balkan kämil şahsyýet bolup ýetişýär. Bu wakalar spektaklda ynandyryjy berilýär.
Spektaklda goşmaça ýordumlar hem bar. Akmaýa bilen Kömegiň-goňşy oglanyň söýgüsi hakdaky wakalar,professor Orazmyrat aganyň agzybir maşgalasynyň Balkana eden täsiri , onuň hakyky ýaş deňizçi bolup ýetişmek üçin edýän aladalary bilen bagly wakalar hem esasy sýužet ýordumyny açmaga, eseriň many-mazmunynyň, çeperçiliginiň ýokarlanmagyna täsiri duýulýar.Eseriň wakalarynyň dartgynlylygy gapma–garşylygyň,düşünişmezligiň, häsiýetleriň çaprazlygynyň hasabyna saklanýar. Diliniň çeperçiligi gahrymanlaryň gepleşiklerinde, ýüzlenişlerinde we pikir ýöredişlerinde ýüze çykýar, bu ýagdaý Kömegiň, Akmaýanyň söýgüleri, degişmeleri zerarly ýüze çykýan gülküli hereketler bilen utgaşýar.