Sahna barada maglumat

Mejbury tebip bolan
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry

Ž.Molýer bu gülküli oýnuny 1666-njy ýylda ýazypdyr. Bu hem şol döwürde awtoryň ýazan beýleki komediýalary ýaly ýalňyşlyklaryň, aldawyň, hile-al  salynmagy netijesinde  döreýän gülkiniň  esasynda ýazylandyr. Wakalar biri-birinden  gyzykly, garaşylmadyk ýagdaýda ýüze çykyp,  gowulyk  bilenem  tamamlanýar. Göräýmäge mejbury aldaw  bilen döreýän gülküli waka beýle çuň manysy hem ýok ýaly. Ýöne komediýanyň wakalarynyň düýp özeninide ýatan aldaw, hile, mekirlik ýazgarylýar.

“Tur, işe git” diýip, ýüregine düşüp duransoň, odunçy Zganarel öz aýalyny ýençýär we odun çapmaga gidýär. Olaryň öýüne baý hojaýynyň iki sany hyzmatkäri gelýär. “Biz tebip gözläp ýörüs”. Odunçynyň aýaly öz äriniň tebipligini, häzirem tebipçilik üçin ot-çöp  ýygnamaga gidenligini, ýöne suwasalma ýençmeseň, özüniň tebipligini boýun almaýanlygyny aýdýar. Hyzmatkärler odunçyny tutup, öldir ýaly urup, tebipligini boýnuna goýup, öz hojaýynlarynyň ýanyna eltýärler.

Hojaýynyň gyzy lal açan eken. Kakasynyň tapan giýewisine ol durmuşa çykasy gelenok, onuň üçinem ýasama-ýalandan lala öwrülipdir. Öýlenmeli ýigidem lallygyndan açylmasa, özüniň öýlenmejekdigini aýdýar.  Gyz – Lýutsinda başga bir Liandr diýen ýigit bilen söýüşýär. Ol garyp ýigit bolansoň, oňa gyz berlenok. Odunçy ýigit bilen gyzy gaçyrýar, emma tiz ele düşýärler. Ýöne Leandryň daýysy oňa miras goýup gidýär. Leandar mirasnamany görkezýär. Oňa gyz çykarmaga razylyk berilýär. Odunça-da birgiden engam berilýär.

Soňabaka bolup geçýän ownuk wakalardan, hereketlerden, aldaw –hile, ýalandan  ýaňa kimiň kimi aldaýanynam bilip bolanok. Ahyrsoňunda  her kimiň öz saýlanyna-söýýänine sataşyp, hemme zat gülala-güllük bilen gutarýar. Türkmenlerde «Ýagşy ýetsin myrada, ýaman galsyn uýada, olar galyp näm boljak, olam ýetsin myrada»  diýip aýdylyşy ýaly bolýar. Ýöne bu fransuz, italýan komediýalarynyň aglabasynda bolşy ýaly žanryň öz şerti. Ýöne durmuşyň talaby onuň tersine. Ol komediýalar tomaşaçylary näçe güldürýänem bolsalar, ahyrynda şol görlen görgüleriň hemmesiniň adamlaryň baýlyk üçin, wezipe, ýalan mertebe , galp hormat üçin biri-birine gurýan aldaw–hilesi zerarly bolandygyny açybam görkezýärler. Meger, esasy maksat şu bolsa gerek.