Italýan dramaturgy Karlo Goldoni “Iki aganyň hyzmatkäri» atly gülküli sahna oýnuny 1745-1753-nji ýyllarda ýazypdyr. Ol öz ýaşan zamanynda häsiýetleriň hakyky komediýasyny döreden dramaturgdyr. «Iki aganyň hyzmatkäri» komediýasy hem şolaryň biridir.
Sahna oýnunda hyzmatkäriň nebsi otugyp, öz hojaýynyndan daşgary ýeni birine hyzmata durýar. Iki hojaýyna ýetişjek bolup, iki arada germesatana öwrülýär. Ahyrda-da bulam-bujarlyga ýol berýär. Bir hojaýyna beýleki hojaýyndan gelen hatly bukjany, beýlekisine–de başga hatly bukjany gowşurýar. Bir hojaýynyň sandygyna beýleki hojaýynyň eşiklerini salýar. Wakalar juda çylşyrymlaşýar, hyzmatkär kyn güne galýar.
Şunuň ýaly ýalňyşlyklaryň, düşünişmezlikleriň netijesinde haýsydyr bir gahrymanyň, köplenjem hyzmatkärleriň, günäleri bilen ýüze çykýan gülkünç wakalaryň esasynda ýazylan komediýalar şol döwrüň Goldoniniň komediýalarynda görmek bolşy ýaly, fransuz dramaturgiýasynda Moleriň komediýalarynda hem görmek bolýar. Sebäbi aslynda ýumor (komediýa) durmuşy säwligiň, ýalňyşlygyň netijesinde döreýär. Şonuň üçinem, her bir gülkiniň aňyrsynda, özeninde agy bar diýlip aýdylýar. Gürrüňi edilýän komediýada bir gezek ýalňyşan hyzmatkär ol hakda hojaýynyny habardar etmek hakynda pikirem etmeýär, gaýta gizlejek bolup ikinji, üçünji ýalňyşlygy hem goýberýär. Waka ösüp, çylşyrymlaşyp gidip otyr, dartgynlylyk ýitileşýär, ol hereketleri görüp oturan tomaşaçy ýaňy bolup geçen wakanyň niýetini bilmäge howlugýar.
Hojaýynlaryň biri erkek eşigini geýip ýören aýal eken. Beýlekisi-de onuň söýgülisi. Hyzmatkäriň ýalňyşynyň üsti bilen, olar bir birine gowuşýarlar. Hyzmatkärem hyzmatkär gyza öýlenýär. Spektaklyň soňy bagtly waka bilen tamamlanýar.
Žanryň häsiýetine mahsus ýagdaýda spektakldaky hojaýynlaryň isleýişleri ýaly gowluk bilen tamamlanansoň, hyzmatkärleriňem günäleri geçilýär. Sebäbi şolaryň ýalňyşlyklary zerarly olaryň özleriniň arzuwlary hasyl boldy. Dramaturglaryň örän çylşyrymly häsiýetleriň arasynda döreýän garşylyklary ussatlyk bilen çözüşlerini biz dünýä meşhur dramaturglaryň eserlerinde görýäris.