Sahna barada maglumat

Hindi rowaýaty
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry

Orta asyrlarda Akbar şanyň zamanynda («Mogollar imperiýasy»)  ýiti akyl-paýhasy, ugurtapyjylygy bilen patyşalaryň ýanynda at alyp,  Gündogar folklorynyň gahrymanyna öwrülen Bir balyň pähim hazynasyndan birnäçe rowaýatyň esasynda ýazylan sahna eseri. Waka goňşy patyşalygyň şasyndan birnäçe geň we täsin talap bildirýän hökümli hatyň gelmegi bilen başlanýar.  Ol hatda goňşy ýurduň patyşasy özüne ýakyn wagtyň içinde gelip çykyşy boýunça asylzada, emma häsiýeti boýunça messepsiz, gelipçykyşy boýunça garamaýak, emma häsiýeti boýunça asylzada we şuňa meňzeş üýtgeşik häsiýetli adamlary tapmagy talap edýär we eger şeýdilmese üstüňize çozaryn diýip haýbat atýar. Patyşa özüniň wezir-wekillerine sala salýar. Olaryň biri urşalyň diýse, beýleki biri sowgat-serpaý bilen gaýtaralyň, ýene biri garyndaşlyk açalyň diýip teklip edýär. Ol teklipleriň biri hem patyşanyň göwnünden turmaýar. Bir bal bolsa pikirlenip görmegi, jogabyny soň aýtmagy boýun alýar. Ol paýhaslylyk bilen hereke tedip, gerek ýerinde hilegärligem , ugurtapyjylygam, hat-da hile- aldawam ulanyp, talap edilýän häsiýetdäki adamlary köşk emeldarlarynyň, hyzmatkärleriniň içinden tapýar.Şonda kimler iň asylzadasyranýadygy, kimleriň bolsa päli peslik bilen halal ýaşaýandygy, kimleriň wepaly, kimleriň biwepadygynyň üsti açylýar. Ahyr soňunda-da bu zatlaryň hemmesini öz emeldarlaryny, adamlaryny, ýakynlaryny synamak, tanamak üçin Akbarşanyň özüniň edendiginiň üsti açylýar. Bu sahna eseri öz häsiýeti, görnüşi boýunça hakyky gündogar edebiýatyna mahsus eserdir. Bu eserde tymsal köp ulanylýar, şeýle hem aňlatmalaryň köpmanylylygy, syrlylyk, oslagsyz netijäniň ýüze çykmagy mahsus. Keşpleriň häsiýetleri eseriň ahyryna çenli doly açylyp  , olar öz günälerini boýun alýarlar, almadyklary jezalandyrylýar. «Hindi rowaýaty»  aýdym-sazly, şadyýan, hereketli sahna oýny,  gülküli sahnalar, hereketler köp, manysy bolsa örän çuň. Eseriň düýbünde beýik türkmen akyldary Jelaleddin Rumynyň  «Görnüşiň ýaly bol, bolşuň ýalam görün» diýen pähimi görünýär.