Sahna barada maglumat

Göroglynyň öýlenişi
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry

Agaýunus periniň düýşünde Görogly begi görüp, oňa hak aşyk bolanyna eýýäm kyrk gün bolupdyr. Özi bir gyz-juwan, haly perişan, serçemenli Çarbagynda oňa garaşyp otyr. Görogly begden bolsa habar-hatyr ýok. Kenizler Agaýunusyň bu bolşuny geň görüp, oňa nebisleri agyryp, ony köşeşdirjek bolýarlar. 

Ine, birdenem apy-tupan gopýar. Bu harasat Aždarhanyň nagra dartyp, ot pürküşidir öýdýärler.

Aňyrdan gelen kenizler, bir ýerden bir atly adamzadyň gelendigini, Aždarha garap, “Bent eýleme perizadyň ýoluny” diýip, aýdym aýdandygyny, Aždarhanyň bolsa ony Çarbaga goýbermändigini, gahary gelen ol adamzadyň Aždarha bilen söweşip, ony ýeňip, derwezeden girip, göni bärik gaýdandygyny habar berýärler.

Agaýunus peri ol gelen adamzadyň düýşünde gören Görogly begdigini güman edýär. Baga giren ol ýigidi bärik çagyrmagy köpi gören Gadymperä tabşyrylýar. Ýigidi uzakdan synlan Agaýunus Göroglyny tanaýar.

Göroglyny çagyryp gaýdan Gadymperi Agaýunusa asly toprakdan bolan adam ogly bilen durmuş gurmagyň Perizat üçin uslyp däldigini, adamzadyň ähli aýyplaryny sanap geçip, ony ýüreginden aýryp taşlamagy maslahat berýär.

Agaýunus öz söýgüsinden dänmejekdigini nygtaýar. 

Görogly beg peýda bolýar. “Perim, bir suw ber içeýli” diýip, dyza çöküp haýyş edýär. Agaýunus hem oňa dyza çöküp suw berýär. Öň düýşde görüşip, aşyk-magşuk bolan ýaş juwanlaryň söýgüsi has-da güýjeýär.

Göroglynyň haýyşy bilen periler ilki Gyrata, soň Görogla hezzet-hormat edýärler. Görogly beg Gyrata ýüzlenip, onuň otuz iki oýnunyň iň şowhunlysy “Gury säpjin” ýörişini perilere görkezmegi haýyş edýär.

Periler Gyratyň oýnuna tomaşa edýärkäler, uklap galan Gülperi düýşünde Göroglynyň ýigitleriniň biri Handan batyry görýär. O-da aşyk bolýar.

Gyrat dergazap bolup, has-da haýbatly kişňäp başlaýar. Gyratyň diline düşünýän Görogly atyň “Çandybile dolanara wagt boldy” diýip ýatladýandygyny aýdýar, hem Agaýunusa bile ýola düşmegi teklip edýär.

Gadymperi ara düşüp, dürli deliller getirip, Agaýunusyň bu teklipden el çekmelidigini düşündirjek bolýar. Gadymperiň täsirine düşen Agaýunus peri Görogla garap, “Çandybile alyp barsaňyz bizi, aç ekeniň, dok ekeniň bilmedim” diýip, onuň göwnüne degýär.

Bu sözlere Göroglynyň gahary gelýär, “Ýigit başy aman bolsa, mally bolar, malsyz bolar” diýip, aşyk-magşuklar üçin esasy zadyň birek-birege bolan söýgüsidigini nygtaýar.

Agaýunus ötünç soraýar.

Köneleň “Zenany başdan” diýen nakylyny ýatlap, Görogly beg kenizleri kowup, Agaýunus bilen ikiçäk galmaga meýil bildirýär. Ýöne, Gadymperi “ol maksatlara öz iliňe baryp, toý tutup, nika gyýylandan soň ýetseň gelşikli bor” diýip, Görogly begi köşeşdirýär.

Düýşünde Handan batyry gören Gülperi-de Çandybile gitmegi ýüregine düwýär. Ýolagçylar ýol şaýyny tutýançalar,  Gadymperi hem uklap, düýşünde adamzat görýär.

Aşyk-magşuklar “Nirdesiň Çardagly Çandybil”  diýip, ýola rowana bolýarlar.

Çandybiliň bir çetinden giren Görogly beg, “Begler gutlaň bu gün näzlim toýuny” diýip, il-ulusy toýa çagyrýar.

Çardagly Çandybilde kyrk günläp toý tutulýar.