Sahna barada maglumat

Döwlet guşy
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Döwlet guşy» romany ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynda uly orun tapdy hem-de bagtyýar halkymyzyň söýüp okaýan eserine öwrüldi.       

Bu ajaýyp eser şu günki abadan hem parahat, bagtyýar döwrümiziň — bagtly zamanamyzyň gadyr-gymmatyna has içgin düşünmäge çagyrýar. Bu sahna oýny türkmenleriň durmuşyndaky ýagdaýlar, türkmen halkynyň baýramçylyklaryna we gündelik durmuşyna mahsus bolan  özboluşly milli däp-dessurlar bilen utgaşýar. Sahnadaky keşpleriň bitewiligini, dramaturgiýanyň täsirliligini, sazyň we bezeg serişdeleriniň owadanlygyny özünde jemleýän bu sahna oýnuna milli sahna ussatlary, şeýle hem teatryň ýaş artistleri, köpçülikleýin sahnalarda bolsa talyplar we mekdep okuwçylary gatnaşýarlar.  

Tejribäniň, ussatlygyň we ýaşlygyň  birleşiginden teatr sahnasynda oýnuň esasy ýörelgesi bolan taryhyň, halk hakydasynyň, nesilleriň ruhy bitewiliginiň baglanyşygy öz beýanyny tapýar. «Döwlet guşy» spektaklynyň baş gahrymanlarynda şol häsiýet agdyklyk edýär. Elbetde, agyr günler şol döwrüň çagalaryny ir ulaldyp, akyllaryny çalt goýaltdy. Biz muny spektakla tomaşa edenimizde, şol döwrüň çagalarynyň keşbinde görýäris. Olaryň gözlerinde Watana, halka söýgi aýdyň duýulýar.