Sahna barada maglumat

Dowamat - Dowam
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry

Külli Oguz iliniň tamam bilijisi Gorkut atamyz bu gün bize gaýypdan-geljekden, geçmişden-boljakdan  weliler sözün sözleýär.    

Boýlar beýgi Oguz boýun boýlaýar. 

Halkymyzyň düýp atasy ägirt Oguz han hakda, onuň berkarar döwletiň binýadyny tutuşy hakda kelam agyz söz diýýär. 

Sahnada gadym döwürleriň wakalary janlanýar. Oguz han il-ulusa özüniň nähili ýollar bilen raýatlaryny bütewi bir il edip, bir tuguň saýasyna jemläp, berkarar Watan gurandygy hakda gürrüň berýär. Ol Çapraz begiň bu mekany terk edip, has sapaly bir ülkä göçmek hakdaky teklibini ret edýär. Aslymyzdan miras galan bu topragyň keramatlydygyny, geljek kowumlaryň bu Watanda bereket tapjakdyklaryny, bu diýarda bagtyýar durmuşda ömür sürjekdiklerini nygtaýar.

Döwürler dolanyp, döwranlar dönüp, kowumlar has köpelip ýaýransoň, iller arasynda söz azaşmasyn diýip, mal-gara üçin ýok dawa ulaşmasyn diýip, ýigrimi dört agtygynyň her haýsyna tagma-nyşan bagyş edýär. 

“Aňlaşan keslere hat-sowat olsun, Ýazarga, düzerge alamat olsun” diýip, ol tagmalaryň Oguz elipbiýi  bolmalydygyny emr edýär. 

Çaparlar Oguz hana Külbarak hanyň ýollan üç şertini getirýärler. Bu şertlerde: eger Oguz han jeňsiz-uruşsyz, parahat ýaşamak isleýän bolsa, Gyraty, Aý-Aýdyň atly örän görmegeý gyzy hem-de zat ekilmän, mal bakylman boş ýatan at gaýtarym düzlügi bermeli boljakdygy yglan edilýär. 

Oguz han bu şertleri kabul etmän, ýörüşe atlanýar. 

Gerçekleri ýörişe ugradan gyz-gelinler ajaýyp bir haly dokaýarlar. Ýigitlere medet, hümmet, Taňrydan enaýat bolsun diýip, ol halyny ýigitleriň yzyndan ugradýarlar. 

Bu nepis halyny synlap, haýran galan Oguz han hem ýigitler has-da kuwwatlanýarlar, rowgatlanýarlar. Gara başy gurban etmeli bolsa-da, Watany, dogduk diýary, uz zenanlaryň ar-namysyny gorajakdyklary hakda kasam edýärler. 

Oguz han, gerçek ýigitler ýeňiş bilen gaýdyp gelýärler. 

Oguz ili toý tutýar. 

Toý güni özüniň beýik wesýetlerini yglan edýär: dünýe durup, iliň-günüň bagtyýar ýaşamagy üçin, mukaddes Watanyň berkarar bolmagy üçin  dowamat ýol salgy berýär. 

Il-ulus Oguz hanyň wesýetini berjaý etjekdiklerine, soňky kowumlara-da geçirjekdigine äht edýär.

Döwürler dolanýar, Beýik Garaşsyzlyk döwri başlanýar. 

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toý güni türkmen halky toý lybasyna beslenip, elleri gülli, ýaşyl baýdakly Garaşsyzlyk seýilgähine gelipdir. 

Olar özlerine tarap ynamly gadamlar bilen ýöräp gelýän mähriban Arkadagymyzy, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowy uly şowhun, dabara bilen garşy alýarlar.     “Watanmyz, Prezidentimiz, şanymyz-şöhratymyz”  diýen sözleri uly şatlyk hem  buýsanç bilen gaýtalaýarlar.