Sahna barada maglumat

Dessembil
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry

Teatryň režisýory E.Işangulyýewiň sahnalaşdyran, dramaturg N.Rejebowyň “Dessembil” sahna eserinde bagtyýarlyk döwrümiziň durmuşy beýan edilýär. Telekeçi Jumman dessembilden, ýagny, mazydan  anbary-kokunar ýasamagyň ugruna çykýar. Dogrudanam, hoşboý ysy bilen dessembile taý geljek başga bir zat ýok. Özem biziň ýurdumyzda bitýän ösümlik. Eger çynlakaý ugruna çykylsa, bu asylly maksadyň amala aşaýmagy mümkin-ä. Häzirlikçe welin ugrugyberenok.

Spektaklyň ikinji gahrymany Mergen käri boýunça kompozitor, emma döredýän aýdym-sazlary şowsuz çykýar.

Iki gahrymanymyzyňam işi diňe aşyk bolanlaryndan soň, rowaçlanyp ugraýar. Jumman Şirinşekere, Mergen Söýlügözele aşyk.  Olaryň söýgüleri rowaçlanyp ugransoň, işlerem ýola düşýär. Jumman-a taýsyz parfýumeriýa önümini öndürýär. Mergeniňem aýdym-sazlary ýokary derejelere galýar.

Elbetde, bu ýerde  dramadaky wakalary şeýle yzygiderlilikde, häsiýetleriň haýsydyr bir hereket ýa söz arkaly, pikir çaknyşygy zerarly ýüze çykmagyny gazanyp bilýän awtoryň ynsan gatnaşygynda esasy zadyň köňülleriň birligindedigini nygtajak bolýandygy bellidir. Eýsem näme, durmuşdaky şowlulygy gazanmak üçin işe ýürek bilen ýapyşmak gerek. Ýürek bilen ýapyşmak üçinem  arassa, beýik maksadyň, gowy arzuwyň bolmagy gerek. Ine, awtor bu sahna eserinde ýaşlary şonuň ýaly maksada gulluk etmäge çagyrýar.

Sahna eserinde gahrymanlaryň  gepleşikleri, gatnaşyklary, hereketleri  ýeňil okalýar, sada hem düşnükli ýaly, ýöne  siňe seredip, manysyny tirip  otursaň,olaryň köpüsiniň esasy manylaryndan başga göçme manylarynyňam bardygy duýulýar.

Eser  awtoryň ýene bir  aýratynlygyna  ünsüňi çekýär. Olam N.Rejebowyň gahrymanlarynyň  ýiti dili, eseriň umuman dil baýlygy. Köne sözleriň, her-hili üýtgeşik adam atlarynyň bolmagy, goşga öwrülesi gelip duran replikalaryň bolmagy muňa mysaldyr. Ýaşlary  döwre görä täzeçe pikirlenmäge çygyrýan sahna eseri.