Sahna barada maglumat

Deň etmän – duş etmez
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry

Dünýä belli ajaýyp  rus ýazyjysy A.P. Çehowyň  eserleri, şol sanda ajaýyp drama  eserleri  hem  türkmen  okyjylaryna bireýýämden bäri tanyşdyr. Onuň  «Ülje bagy», «Wanýa daýy»,  «Üç uýa» dramalary  bilen birlikde «Söz aýdyş», «Göhert», “Ýubileý”, “Toý” ýaly gysga göwrümli  pýesalarynyň käbiri  türkmen tomaşaçylaryna-da belli bir derejede mälimdir. Meşhur dramaturgyň Baş drama teatrynda    täze --  «Deň etmän, duş etmez»  ady bilen sahnalaşdyrylan  eseri ýazjynyň  «Predloženie» atly wodewiliniň esasyndadyr. ХIХ asyryň rus begzadalarynyň, mülkdarlarynyň durmuşyndan gürrüň berýän bu gülküli eserde hem   Çehowyň beýleki eserlerine mahsus bolan ýiti hem  inçe ýumoryň kömegi bilen  adam  häsiýetleri  ussatlyk  bilen açylýar. Hut şonuň üçinem Çehow öz zamanynda täzeikçi hasap edilipdir. Sebäbi ol “öz drama eserlerinde dramaly hereketiň täze görnüşini – her hili ýagdaýda özüne durmuş wakasynyň islendik ýüze çykmasyny birleşdirip bilýän, meselem, diňe wakalar we gatnaşýan keşpleriň göreşi görnüşinde ýüze çykman, eýsem sasy temalaryň, leýtmotiwleriň, meýilleriň,  «saman astyndan suw goýbermeleriň», birsyhly çylşyrymly ýaňsynyň  we şahyrana simwolikanyň ösüşi  bilen  ýüze çykarýar” diýip döwürdeşleri belläpdirler. Dogrudanam, Çehowda islendik  gylygyň häsiýete öwrülmegi mümkin we ol juda unsli yzarlamasaň hemişe ýüze çykyp duranok. Gürrüňi edilýän pýesada şol alamat bar.

Wakalar mülk eýesi Iwan Wasilýewiç Lomowyň (artist Batyr Çaryýew) öz goňşusy mülk eýesi Stepan Stepanowiç Çubukowyň (artist. O.Berdiýew) gyzy Natalýa Stepanowna (artist D.Meläýewa) «Söz aýtmaga» gelmegi bilen başlanýar.

Goňşular biri-birlerine belet, hormat-sylaglaram bar, ýürek  syrlaryny aýtmak höweslerem ýok däl. Çagalykdan biri-birine belet. Olaryň birek-birege goýýan hopmat-sylaglarynyň çirksizdigi däp-dessura eýerýän hereketlerinden, sorag-jogaplaryndan, oturyp-turuşlaryndan görnüp dur. Hemme zat  jemgyýetde özüňi alyp barmagyň talapyna—etikete görä. Olaryň nähili tolguýandyklary, gyzyň-a ýelpewajyna erk edişinden, öýlenjek  bolýan ýigidiňem suw içesiniň gelip, onam birsyhly unudyp durşundan aňyp  bolýar. Ýöne dessura näçe wepaly bolsalaram, ony ahyryna çenli alyp çykmaga bularyň ikisine  hem mahsus  bolan häsiýetleri--kesirligi  ýol berenok. Olaryň belli-belli zatlara bolan garaýyşlaryny üýtgetmekleri mümkin däl. Bu gezegem şeýle bolýar. Bu hereketi arkaly ozaldan dawaly bolan olduryk ýaly ýeriň kime degişliligi hakyndaky soňsuz hem bolgusyz jedele  başlap, özüniň ol öýe näme üçin barandygyny unudan Lomowyň  nähili kejeňek hem ownukçyl  adamdygy görünýär. Myhmanam, öý eýesem  sypaýyçylygyň  kadalaryny unudyp öz diýenlerini gögetmekçi bolýar. Lomow bada-bat Çubukowlardan gaýdýar. Gyzy Natalýnyň kejirligine  jany ýanyp ýören  Stepan Stepanowiç  oňa Lomowyň söz aýtmaga gelendigini ýaňzydanda Natalýa ýarym –ýaş bolup, toba gelip,  kakasyny  Lomowyň  yzyndan gaýtadan  iberýär. Stepan Stepanowiç “Gerek-deregi ýykarlaryny” edip, Lomowy yzyna dolaýar. Ikinji gezek duşuşanlarynda-da  kimiň itiniň awa  ezberligi  hakdaky  jedel bularyň tersleşmegine  sebäp bolýar. Ýöne bu gezek Stepan Stepanowiç   kejeňekleriň biri-birine tüýs mynasypdygyny aňyp, olara  «ak pata» berýär. Jedeliň soňy toýa ýazýar. Ýöne tomaşaçylarda “Bu asudalyk uzak dowam  edäýermikä” diýen duýgy  galyp, olar teatrdan çykansoňlaram  “Nätdim!” diýip ýylgyryp  duran Çehowy görjek bolýan ýaly töwereklerine garaýarlar.