Sahna barada maglumat

Däli Domrul
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry

Gadym oguz türkmen ilinde Däli Domrul diýen bir är dörän. Däli Domrul gury ýabyň üstünden gerekmejek köpri gurup, geçenden 40 pul, geçmedikden siltäp-siltäp, zor bilen iki esse köp pul alan. Neçüýn ol beýdipdir, çünki ol galyň oguz ilinde özünden alp, özünden zor kişi bardyr öýtmändir. 

Domrul ilki  bir ötegçini pul töläp köprüden geçmäge mejbur edýär. Soňra, taýharly ýolagçyny arzan bahasyna bolsa-da, eşegi-özi bilen göterip, köprüsinden aşyrýar. Aýaly Näzli Çeçek gelip: - ýolda durup ýol urup, ile ryswa bolýan ärinden zeýrenýär, onuň men-menligini bes etmese, iki çagasynam ýanyna alyp, atasy öýüne gitjekdigini aýdýar. Ýalbaryp-ýakaryp, aýalynyň öýkesini ýazandan soň, Däli Domrul dynç almaga gidýär. Gelip görse, birtopar gölegçi dünýeden öten bir ýagşy ýigidiň ahyny çekip, dady-perýat edip otyrlar. Ol ýigidi Ezraýylyň öldürendigini eşiden Domrul Ezraýyl bilen söweşip, ony adam oglunyň golaýyna gelmez ýaly etmegi ýüregine düwýär. Ýaradan Taňry öz hetdini tanamaýan Domrulyň janyny almaga Ezraýyla emr edýär. 

Domrul öz ülpetleri bilen keýpi-sapa çekip otyr. Domrulyň elinde sazy, dilinde sözi, ganym leşgerlerini paýhynlaşy baradaky gazallary ýapa degmeýän bolsa-da, mes oturan ülpetlerine bu hoş ýakýar. Domrulyň ogly gelip, kakasyndan özüne mynasyp bir at dakmagyny talap edýär. Domrul oňa at gazanmak üçin oguzda uly bir hünär görkezilýändigini duýdurýar. Ogly oňa hünär görkezer ýaly kakasyndan hiç bir görelde görmändigini aýdanda, Domrul oňa çoh tälimler öwredip, soňam mynasyp bir at dakjagyna söz berýär. Garpyz iýmeşek bäsleşiginde-de, elbetde, Domrul hemmelerden zor çykýar. Ülpetleriniň aýallary hersi bir bahana tapyşyp, ärleriniň diýenlerini etmeýär. Begleriň bu oýnuna düşünen Näzli Çeçek bolsa, äri näme diýse, tersine gaýtman, dostlarynyň ýanynda Domrulyň mertebesini beýgeldýär. 

Duýdansyz gelen Ezraýyl bilen Domrul söweşe girýär. Ondan ýeňilip, çaşyp ýykylýar. Ezraýyl guşa öwrülip, uçup gidýär. Domrul atyna atlanyp, Ezraýylyň gözlegine çykýar. Bir-iki sany guş öldüren Domrul Ezraýyly öldürendirin öýdüp, gaýdyp gelýär. Ýene-de Ezraýyl gelip, Domrulyň janyny almakçy bolýar. Domrul toba gelip, ondan aman dileýär. Eger Domrul öz janyna derek başga jan tapsa, Ýaradanyň emri bilen onuň janynyň aman galjakdygyny Ezraýyl beýan edýär. Domrul atasyndan jan dileýär, ol janyny bermeýär. Enesinden jan dileýär, enesi janyny berermen bolýar. Emma Domrul oňa dözmeýär. Ezraýyl ýene gelýär, jan almaga howalanýar. Domrul puryja dileýär, halal hatynyny görmek isleýär. Ezraýyl: “Ataň bermedik janyny, eneňden almadyk janyňy hatynyňdan istärmiň?” – diýip,  Domrula puryja berýär. Domrul Näzli Çeçege ýagdaýlary düşündirýär. “Menden soňra ýanyp-köýme. Perzentleri ýetim goýma. Göwnüň kimi tutarsa, sen oňa bargyl” – diýip, oňa wesýet edýär. Näzli Çeçek Domrulsyz özüniň ýaşap bilmejegini, Domrulyň janyna derek öz janyny berjekdigini aýdýar. Domrul: “Alar bolsaň ikimizem bile algyl, goýar bolsaň ikimizem bile goýgul” – diýip, Hudaýa nalyş edýär. Taňrynyň emri bilen Ezraýyl bulary azat edip, garrylaryň janyny almaga häzirlenýär. Domrul razy bolmaýar, öz janyndan geçmekçi bolýar. “Beýle iki halallardan önýän perzentleň kalby nurly bolýandyr” – diýip, Hak Ýaradan olara garaşyk edýär.