Sahna barada maglumat

Bagt kenarynda
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda däbe öwrülen halkara festiwalyna dünýäniň atly-abraýly döredijilik toparlary gatnaşýar. Şol sanda, Altynaý Döwranowanyň ýolbaşçylygyndaky “Awaza” folklor topary hem gatnaşmaga gelýär.

Gurluşykda zähmet çekip ýören mermerçiler toparynyň baş ussasy Hemra atly ýigit, bu tansçy gyza öňräkden bäri aşyk. Altynaýyň festiwala öz topary bilen gelenini bilen Hemra, mermerçiler toparynyň adyndan, “Awaza” folklor toparyna, aýratynam Altynaýa salamyny ýollaýar. Şu zatlaryň netijesinde  gyzykly wakalar bolup geçýär.

Spektaklyň dowamynda ýaňlanan dünýä kompozitorlarynyň sazlary, türkmeniň nusgawy klassyk sazlary bilen utgaşyp, bu sahna eserine aýratyn öwüşgin berýär.