Sahna barada maglumat

Söýgi duralgasy
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry

A.Mämiliýewiň “Söýgi duralgasy” atly dramasynyň kulminasiýasy adyndan belli bolşy ýaly garrylyk we ýaşlyk müçesiniň iki sany ykbalyň iň uly duralgasy bolan söýgi atly duralgasynda birikmegi bilen ýokary derejä galýar. Dramaturg iki sany ykbaly bir pýessada ussatlyk bilen birikdirmegi başarypdyr we tomaşaçylara Söýgi atly duýgynyň dürli ýaşda adama gelip biljekdigini aýdýar. 

Dramaturg A.Mämiliýewiň “Söýgi duralgasy” pýessasynyň sýüžeti iki bölümden ybarat. Spektaklyň birinji bölümindäki sahnalar är-aýalyň arasynda bolup geçýän wakalar bilen baglanşyklydyr. Adamsynyň gabanjaňlygy käte onuň paýhasyndan öňe düşse-de, ahyrsoňy päk söýgi olaryň maşgalasyny aýap saklaýar. Ýagny spektakl ähli ýaşly adamlara degişli bolan soň spektakl oalrda uly täsir galdyrdy.