Sahna barada maglumat

Sawçylar
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry

“Sawçylar”  Türkmenistanyň halk artisti, dramaturg Hommat Müllügiň ilkinji sahna eseridigine garamazdan, kyrk ýyl bäri Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasyndan düşmän gelýär, sebäbi dramanyň temasy   juda aktual, ideýasy ýalkymlydan ýiti, wakalar dartgynlydan syrly, gahrymanlary durmuşdan alnan, biziň bilen ýaşap ýören adamlar.Iň esasy zat-dramaturg H.Müllük sahnany, dramaturgiýanyň kada-kanunlaryny gaty gowy bilýär.

“Sawçylar” talyplaryň durmuşyndan ýazylan eser. Waka talyplar topary önümçilik praktikasyna gitmeziniň öňýany bolup geçýär. Talyplar birki günden haýsydyr bir şähere, uly gurluşyga praktika geçmäge gitmeli. Olar öz ýoldaşlary Aýjemalyň öýlerine gelýär, sebäbi şoh, şahandaz talyplar baran  ýerinde gurluşykçylara görkezmäge kiçeňräk konsert programmasyny taýynlap ýörler. Emma Aýjemalyň aýdan şum habary olary serpmeden gaýtarýar, sebäbi  Aýjemallara sawçy gelipdir. Aýjemal praktikada däl-de, başga durmuş ýoluna gitmeli.

Aýjemalyň kakasy Agajan aga söwda işgäri, gaty gurply adam. Agajan aganyň şahandaz goňşusy Ýolly Ýollyýew diýseň şoh adam, kinokonsert merkeziniň baş administratory, haýsy saz guraly bolsa “saýradyp” ýören ýiti sazanda, hakyky ynsanperwer ynsan.

Agajan aga gyzyny halamaýan ýigidine berip goýberjek doňýürek adam däl, ol gyzy Aýjemalyň talyp ýoldaşy Oraza göwün berenini bilýär. Ir zaman onuň  aýaly ölüpdir, Agajan aga hem gyzy Aýjemalyň kakasy, hem ejesi bolup ony terbiýeleýär.Emma garaşylmaýan syrly gudaçylyk näme? Ol syr oýnuň ahyryna çenli açylman galýar. Talyplar spektaklyň içinde spektakl, ýagny oýnuň içinde oýun oýnaýarlar, tomaşaçylar Agajan aga, Ýolly Ýollyýew, ömrüni artist bolup sahnada ýaşan artist Çary aga. Agajan aga dagy oýnuň içindäki oýna tomaşa edýär, öz söwer gyzy Aýjemalyň  bagty üçin  göreşýän talyp ýoldaşlaryna  buýsanýar. Oýnuň ahyrynda Aýjemal bilen  Orazyň päk söýgüsi üstün çykýar Agajan aganyň pynhan syram açylýar. Durmuşda agzy bişen Agajan aga tüýs ýürekden gyzynyň bagty üçin göreşen adam bolup çykýar.

“Sawçylar” drama eserinde adam ykbaly baş planda durýar, öz bagty, ýoldaşynyň bagty üçin göreşýän talyplaryň keşpleriniň giden galareýasy oýnuň hakyky sahna eseridigine kepil geçýär.