Sahna barada maglumat

Gyzaryp ýaşan şapak
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry

"Gyzaryp ýaşan şapak" sahna oýny talyp ýaşlaryň durmuşyndan döredilen eser bolansoň, ýigitler we gyzlar sahnada öz durmuşlarynyň dürli taraplaryny has aýdyň görüp bilýärler. Ynsan ömrüniň baharyna mahsus wakalaryň, ýaşlyk döwrüniň ruhuny içine alýan gatnaşyklaryň, bu gatnaşyklaryň adaty, gülküli ýa-da dramatik taraplarynyň açylyp görkezilmegi tomaşaçyny gyzyklandyrýar. Ol sahnada özüni, öz dünýagaraýşyny, arzuwyny we gabat gelýan päsgelçilikleri görüp bilýar. Eser gönümel akyl berenok, her kimiň nähili bolmagyny görkezjegem bolup duranok, ol diňe durmuşdan bir parçany sahna çykarýar-da, netije çykarmagy, çözgütleri tomaşaçynyň özüne goýýar.

Juwan ýaşlarynda her bir ynsany "Bagt näme" diýen sowal elmydama gyzyklandyrýar. Ol elmydama şol sowalyň jogabyny gözläp gezýär. "Gyzaryp ýaşan şapak" sahna eseri ýaşlara bagt düşünjesiniň, bagtlylygyň bir ýerden gözlenilip tapylýan zat däl-de, onuň elmydama özünde, öz ýanyndadygyny aýdyň görkezýär. Bagtly bolmaklygyň ilkinji nobatda özüne baglydygyna ynanjy berýär. Bu sahna eseriniň güýji hem, täsirliligi hem hut şunda.  

Spektaklda Nazar bilen Enegülüň, Hajy bilen Selbiniň, Ýatan oglan bilen kakasy Ýaşulynyň arasyndaky gatnaşyklar ýasama, ynandyryjylygy pes baglanşyklar bolman, durmuşyň hut özünden susulyp alynan hakykat bolany üçin eser tomaşaçyny özüne imrindirýär. Tomaşaçynyň özi sahnada ýaşaýar, oýunda ýok, emma öz başyndan geçen pursatlary hem täzeden janlandyrýar. 

"Gyzaryp ýaşan şapak" sahna eseriniň ýaşlara terbiýe bermek işinde ägirt uly hyzmaty ýerine ýetirendigi we ýerine ýetirýänligi ykrar edilen hakykatdyr.