“Oýun bir, maza iki” spektaklynda ýaşlaryň durmuşyndan gürrüň berilýär. Ýaşlar oba hojalyk işlerine, şeýle hem traktor sürmäge çagyrylýar. Ol ýerde bir gyz brigadir bolup işleýär. Ýaş ýigitler bu gyza ýaramak üçin ýaryş gurýarlar. Spektaklda Gurban öz halaýan gyzy bilen durmuş gurýarlar. Bu spektaklda päk söýgi, daýhançylyk işleri gyzykly teswirlenýar.