Sahna barada maglumat

Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry
19:00

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda rezissýor H.Berdiýew tarapyndan sahnalaşdyrylan G. Kakabaýewiň „Magtymguly Pyragy“ atly spektaklynda şahyryň ömrüniň hem döredijiliginiň aýry-aýry pursatlary hakynda täze edebi usullar arkaly täsirli söz açylýar. Teatryň halka hödürlän bu sahna eseri özüniň saldamly many-mazmuny, özboluşly žanr aýratynlygy bilen tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazandy. Spektakla tomaşa eden dürli kärdäki adamlaryň „Bu eser bagtyýarlyk döwrüniň teatr sahnasynda uly edebi çeper hadysa derejesine göterlen spektakl“ diýip bellemekleri-de munuň şeýledigine şeksiz şaýatlyk edýär. Eseriň çeper many-mazmuny şahyryň öz goşgulary arkaly açylyp görkezilýär. Bu bolsa eseriň şowly çykmagynda aýgytly täsirini ýetiren özboluşly edebi usuldyr. Çünki Hormatly Prezidentimiziň jaýdar belleýşi ýaly Pyragynyň beýik hem manyly oýlanmalary onuň döredijiliginiň esasy aýratynlygydyr. Spektakl hut şu edebi-çeper usula ýugrulanlygy üçinem tomaşaçylaryň çuňňur söýgüsini gazanmagy başardy.