Sahna barada maglumat

Hüwdi
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry

Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň režissýory Bilbil Mämmedowyň “Hüwdi” atly spektaklyny halk köpçüligine ýetirdi. Spektakl Hormatly Prezidentimiziň ene barada aýdan ajaýyp jümlelerinden başlanýar. 

Hüwdi spektaklynda her dürli häsiýetli zenanlaryň, gül dessesiniň dürli-dürli bolşy ýaly aýry-aýry ykballar janlandyrylýar. Reňklerde ak bilen garanyň durmuşda erbet bilen gowynyň bolşy ýaly olaryň arasynda hem Dilber atly zenan otresasel gahrymany ýerine ýetirip dünýä inen çagasyny alman bäbekhanada goýup gitmek isleýär. Emma ahli adamlaryň garşylyk bildirmeginde we mukaddes jadylaýjy Ene hüwdüsi ony öz pikirinden dänip dogry ýola gitmegi mejbur edýär we Dilber öz çagasyny alýar. 

Waka her bir ynsanyň dünýä inip ilkinji duýgusy bolan ene bilen çaganyň arasyndaky duýgyny başyndan geçirýän pursatlary bäbekhanada başlanýar. 

Ynsanyň, mähriban ene hüwdisi bilen ýugrulan bu spektakl her bir tomaşaçyda uly täsir galdyrdýar.