Şahyr hem dramaturg Nobatguly Rejebowyň “HAK AŞYKLAR” atly romantiki komediýasy şu günki talyplaryň durmuşyndan ýazylan gyzykly, dartgynly, durmuşy komediýa. Komediýany Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň režissýory Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew sahna çykardy. Komediýanyň gahrymanlary ýigrimi birinji asyryň ylymly-okumyş döwrüň öňe çykaran talyplary. Olaryň arasynda ençe dilleri bilýän talyp-da, ömrüni tutuşlygyna ylma-bilme bagyşlan talyp-da, salyhatly, agras, gürlemän etjegini edip bilýän talyp-da bar. Olaryň ählisi kyblagäh ýaly, seždegäh ýaly diýarymyzy söýýär, olar tomusky dynç alyşda ylla dindarlaryň Käbäniň daşyndan aýlanyşy ýaly diýarymyzyň daşyndan aýlanmagy meýilleşdirýärler. Komediýada garaşylmaýan ähmiýetli, gyzykly gapma-garşylyk bar, ýöne esasy gapma-garşylyk pikirleriň, düşünjeleriň, gylyk-häsiýetleriň, nukdaýnazarlaryň, dünýägaraýyşlaryň çaknyşmasyndan döreýär.
Komediýa ýaşlar durmuşyndan söhbet açýar, diýmek, eseriň esasynda onuň Aly hezretleri möwç urýan söýgi dur.Talyplaryň söýgüsi ozalky lenç edilen söýgi däl. Dünýä garaýşy, fantaziýasy giň romantiki hyjuw-hyruçly ýaşlaryň söýgüsi kalplary heýjana getirýän ajaýyp söýgi. Olaryň aýdýan sözlerem köçede aýdylýan sözlemler däl, olaryň her biri aforizme barabar replikalary aýdýarlar. Komediýa başdan-aýaga gülküden ybarat.
“Hak aşyklar” spektakly 2008-nji ýylda goýuldy, “Türkmeniň altyn asyry” baýragynyň ýeňijisi boldy. Şu güne çenli ol sahnadan düşmän tomaşaçylaryň söýgüli oýnuna öwrüldi.