Sahna barada maglumat

Pilmahmyt
Aýazbaba nirde sen

K.Taňrygulyýewiň “Pilmahmyt” atly sahna oýny.

Bu  spektakl  halk  döredijiliginiň  esasynda  taýýarlanyldy. Onda  baş  gahryman  Pilmahmyt  adatdan  daşary  ösüş  bilen  kemala  gelýär. Onuň talaplary, häsiýetleri,daş – töweregindäki adamlaryňka  meňzänok. Şonuň  üçin  hem  ol  obasyny  terk  edip,  çöl – beýewanda  ýaşaýar. Bu  ýaşaýyş  onuň  häsiýetini  üýtgedýär. Ol  ene – atasynyň, il-gününiň  we  ýurduň  nämedigine  gowy  düşünip  başlaýar. Bu  bolsa  onuň  öýüne  dolanyp  zähmet  çekmegine, bagtyýar  günlere  ýetmegine  getirýär. Spektaklda Watana,  il-güne, zähmete  bolan  söýgi  öz  beýanyny  tapýar.