Sahna barada maglumat

Çagalyk älemgoşary
Aýazbaba nirde sen

“Çagalyk  älemgoşary” atly sahna oýny.

Sahna oýny şadyýan  sazyň  astynda  ýylgyryp  duran  Güneşiň  sahna  çykmagy  bilen  başlanýar. Şeýle  hem  sahnada  “Çagalyk  älemgoşar” atly  ýazgy  görünýär. Ýöne  onuň  dürli  öwşün  atýan  reňkleri  niredekä? Güneş, Ýertudana, Pyrtykal, Gawun, Gurçuk  dagylar  älemgoşaryň  reňkini  tapyp,  ýerli-ýerinde  goýmagyň  ugruna  çykýarlar.
Şadyýanlyga  ýugrulan  oýun  çagalaryň  kalbynda  gözellige  söýgini, bilesigelijiligi  oýarýar.