Sahna barada maglumat

Bagda bolan bir waka
Aýazbaba nirde sen

B.Batyrowyň “Bagda  bolan  bir  waka” atly gurjak oýny.

“Bagda  bolan  bir  waka” atly  sahna  oýnunda  türkmen  topragynda  bitýän  ösümlikleriň, miweleriň  üsti  bilen  söýgüdir  dostluk, ýürekdeşlik, ýagşylyk  hakynda  söhbet  açylýar. Ol  Üzümgül, Armyt, Alma  ýaly  keşpleriň  hereketi  arkaly  görkezilýär. Ýöne,  Alaka, Bürmek, Garatiken, Ketgen  ýaly  keşpleriň  peýda  bolmagy  bilen, oýun  dartgynly  häsiýete  eýe  bolýar.
Depesinden  tüsse  çykyp  duran  Ýüzärligiň  keşbi  oýna  has  hem  millilik  çaýyp  görünýär.      

“Bagda  bolan  bir  waka” atly  sahna  oýnunyň  uly  terbiýeçilik  ähmiýeti  bar.