Sahna barada maglumat

Bir günüň aladasy
DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ NURMUHAMMET ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Kakaýew Azymberdiniň “Bir güniň aladasy” sahna oýny

Azymberdi Kakaýewiň “Bir günüň aladasy” atly sahna oýnundaky wakalar biziň günlerimizde, oba dükanynda bolup geçýär. Eseriň gahrymanlary Maral bilen Humaý oba dükanynda satyjy bolup işleýärler. Merdan bolsa şol dükanyň golaýyndaky mekdepde mugallym bolup işleýär. Maral bilen Merdanyň arasyndaky söýgi gatnaşygy esere başlangyç berýär. Ol her gün irden Merdan işe barýarka Maraldan habar tutup geçýär. Merdanyň goňşusy Almagül daýza dükanda tämizleýji bolup işleýär. Şu we beýleki birnäçe gahrymanlaryň arasynda bolup geçýän gülkili wakalar esere gyzyk berýär.