Sahna barada maglumat

Külbikejik
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry

T.Gabbe “Külbikejik”

Bu erteki rehimli, mähirli, ejiz, zähmetsöýer gyzjagaz ― Külbikejik barada.

Ýetim Külbikejik  mydama öweý ejesinden hem-de enebaşga aýal doganlaryndan kemsitmeleri, göwne degmeleri çekmeli bolýar. Ol her näçe olaryň göwünlerini tapjak bolup dyrjaşsa-da, bir gezegem ýyly söz eşitmeýär.

Ýöne elmydama ýagşy ýamandan üstün çykýar.  Külbekijigiňem dadyna jadygöý zenan ýetişýär. Ol ony öweý enesinden, doganlaryndan gizlinlikde köşkde, patyşanyň geçirýän tans-sazly agşamyna ugradýar. Jadygöý zenan oňa täze owadan köýnek sowgat edýär. Kädini paýtuna, syçanlary owadan ak atlara, alakany bolsa paýtunça öwürýär. Iň soňunda-da  hrustaldan köwüşjik berýär. Jadygöý zenan Külbikejige sagat on iki bolmanka hökman yzyna dolanmalydygyny gaýtalap-gaýtalap sargaýar.

Dolanmasa paýtunyň, atyň, paýtunçynyň ýene öňki görnüşine öwrüljekdigini duýdurýar.

Külbikejik özüne sowgat edilen zatlaryň birini ýitirip, iň soňunda öz bagtyna gowuşýar. Şazada ýigit ýiten hrustal köwüşjigi tapyp, şonuň üsti bilen özüniň aşyk bolan gyzyny tapýar.

Spektakl söýgi we ýagşylyga ynanmak  barada.