Sahna barada maglumat

Hudaýberdiniň başdan geçirenleri
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry

L.Truhaçewa “Hudaýberdiniň başdan geçirenleri”

Bu erteki adybir türkmen halk ertekisi esasynda goýuldy.

Mekir tilki, özüni adamlar bilen döwleriň arasynda araçy diýip yglan edýär-de, bagban Hudaýberdiden paç alyp başlaýar. Hudaýberdi bu gümürtik meseläniň aňyrsyna ýetmekligi ýüregine düwýär-de, döwleriň arasyna ýola rowana bolýar.

Gazaply, gorkunç, emma akmak döwler Hudaýberdiniň gurnan alyna düşýärler. Özlerinden güýçli saýyp, ynanjaň döwler gorkujyklaryna Hudaýberdä  altyn berýärler.

Arzuwyna ýeten Hudaýberdi  yzyna, öýüne dolanýar. Altynlaryny aljak bolan tilkiniňem gowy edip temmisini berýär.

Spektakl ugurtapyjylyk bilen öz ejizligiňi ýeňip geçip bolýandygy barada.