Sahna barada maglumat

Mejbury tebip
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry

Žan Batist Molýer "Mejbury tebip"

Eser söýgi, gabanjaňlyk, husytlyk, sahylyk, ugurtapyjylyk, dargursaklyk, garaz adamyň durmuşynda gabat gelýän köp zatlar barada gürrüň edilýär.

Snagareliň aýaly Martini adamsyna temmi berdirjek bolup, baý hem-de hökmirowan Žerontyň gyzy üçin lukman gözläp ýören iki sany hyzmatkärine “Ine, şu dünýä belli tebip. Bu tebibi göreninden derti dessine aýak üstüne galýar” diýýär. Onuň gepine ynanayp hyzmatkärler zor bilen Snagareliň boýnuna özüniň güýçli tebipdigini boýnuna goýup, alyp gidýärler. Şeýdibem Snagareliň diýseň gyzykly, başdan aýak tomaşaçyny öz jadyly, gyzykly goýnundan çykarmaýan waka başlanýar. Ýöne Snagareliň bu biygtyýar ýalany iki aşy-magşuk, Lýusinda bilen Leandryň bir-birine gowuşmagyna sebäp bolýar.