Sahna barada maglumat

Ýusup-Züleýha
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

“Ýusup-Züleýha” sýužeti (ýordumy) Gündogar edebiýatynda köp işlenendir. Bu tema Gündogaryň beýik nusgawy şahyrlary Abdyrahman Jamy, Nurmuhammet Andalyp, Magtymguly Pyragy dagy hem ýüzlenip, eser döredipdirler. Bu temany görnükli nemes ýazyjysy Tomas Mann hem “Ýusup we onuň doganlary” diýen uly romanynda işläpdir.

Türkmen opera sungatynda “Ýusup-Züleýha” temasyna birinji gezek ýüzlenýär. Onuň hem sebäbi bu eseriň ýordumynyň örän çylşyrymly bolmagydyr. “Zöhre-Tahyr”, “Leýli-Mežnun”, “Şasenem-Garyp” ýaly dessanlarymyzda gürrüň aşyk-magşuklaryň söýgüsi we olaryň başdan geçirýän kynçylyklary barada gidýän bolsa, bu sýužetde iki şaha bolup, onuň birinjisi Ýusup hakda we onuň öweý doganlaryndan çekýän muşakgatlary baradadyr. Ikinjisi, Züleýhanyň Ýusuba bolan söýgüsi we öz söýgüsine ýetmek ugrundaky başdan geçirmeleridir.

Bu operany döretmekde eseriň librettosyny ýazan Atamyrat Atabaýew, operanyň sazyny ýazan Hudaýnazar Amangeldiýew köp zähmet çekipdirler. Galyberse-de režissýor Aýnazar Batyrowyň zehini esasynda eser-opera şowly çykypdyr.

Ýeri gelende aýtsak, awtorlar öňki ýazylan eserleri, şeýle hem Andalybyň “Ýusup-Züleýha” dessanyny gönümel gaýtalaman, oňa döwrebap öwüşgin beripdirler. Watan temasy operanyň özeni bolup durýar. Halkymyzyň “Müsürde şa bolanyňdan, öz ýurduňda geda bol” diýen ajaýyp pähimi eseriň leýtmotiwidir. Galyberse-de awtorlar öňki eserlerdäki fantastiki elementlerden gaça durup, operany türkmeniň milli ahlagyna laýyk getirip, dogry çözgüt tapypdyrlar.

Operada esasy planda Watana bolan söýgi durýar. Hut şonuň üçin-de Züleýha Ýusuba aýşy-eşretli döwran sürmegi talap edende, Ýusup “Mende Watan derdi bar, ol seniň meniň söýgümden belentdir” diýip jogap berýär.

Eserde adam ahlagynyň görüplikden, bahyllykdan sap bolmalydygy ündelýär. Atanyň ogla bolan söýgüsi, ogluň ata hem ata Watana wepadarlygy operanyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Eseriň sahna bezegi, artistleriň lybaslary gadymy Müsüre, Kengana degişli bolsa-da, suratkeş oňa türkmeniň, milli aýratynlyklaryny siňdiripdir. Operanyň sazynyň şowly ýerine ýetirilmeginde dirižýor Gurbanmyrat Babaýewiň hem hyzmatyny aýratyn bellemek bolar.

“Ýusup-Züleýha” operasynyň sahna çykmagy Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli medeniýetimiz, opera, aýdym-saz sungatymyz hakda edýän beýik tagallasyna mynasyp jogapdyr.

 

  • Librettosy – Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew
  • Sazy – Türkmenistanyň halk artisti Hudaýnazar Amangeldiýew
  • Halypa – Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa
  • Dirižýory – Türkmenistanyň sungatda at gazana işgäri Gurbanmyrat Babaýew
  • Režissýor – Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar BatyrowSuratkeşler – Rahman Rahmanow, Keýik Hojaýewa
  • Hormeýster – Türkmenistanyň Döwlet horunyň ýolbaşçysy Hojaguly Çaryýew
  • Baletmeýster – Türkmenistanyň at gazanan artisti Altyýewa Lýlalýa, Sabyr Aşyrow
  • Konsertmeýsterler – Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Aýlar Saparmyradowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň orkestr artisti Ramina Gadimi