“Jadyly söz” atly sahna oýny.
Oýnuň başyndan ahyryna çenli ýaşlara ene-atany, ulylary sylamak, olar üçin janyňy orta goýmak, dostluga wepaly bolmak ýaly meseleler goýulýar. Ene sözüniň belentligi, oňa bolan söýgi her hili nogsanlyklardan üstün çykýar. Batyr atly ýigit näsag enesi üçin derman gözleýär. Ol garganyň kömegi bilen möjekden üstün çykýar. Enesiniň diýenini etmän ygyp ýören guzujyk howp astynda galýar we Batyryň kömegi bilen enesine gowuşýar. Şol kynçylyklaryň biri hem Döwden rüstem gelmek. Bu işde hem oňa dostlary kömege gelýärler. Spektakly iki sany, biri-biri bilen oňuşman ýören Aždarhalaryň gülküli keşpleri has hem gyzykly edýär. Jadyly söz – Ene oýnuň açary bolup durýar. Enä bolan söýgi, hormat hemme zatdan üstün çykýar. Bu erteki ýaşlarda terbiýeçilik ruhuny ösdürýär.