Sahna barada maglumat

Binýat
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Gowşutgeldi Daňatarowyň «Binýat» atly sahna oýny.
   
«Binýat» atly sahna oýny orta asyr türkmen taryhyna degişli maglumatlaryň esasynda ýazylan taryhy drama bolup, ol 1040-njy ýylyň 23-nji maýynda Daňdanakan galasynda Gaznaly soltan Mesudyň goşuny bilen Çagry begdir Togrul beg türkmeniň ýolbaşçylygyndaky Oguz-türkmen taýpalarynyň arasynda bolup geçen beýik  söweş hakyndadyr.  

Pýesanyň gahrymalarynyň köpüsi Çagry beg,Togrul beg, Musa Ýabgu, Abu Sagyt Abul Haýyr-Mäne baba, Alp Arslan, Soltan  Mesut, Zewzeni we beýlekiler  taryhy şahsyýetlerdir.  

Soltan Mesudyň goşuny güýçli, pilli, daş atýan sanjakly, köp sanly goşun. Soltanyň özi hem göräýmäge o diýen  güýçli serkerde bolmasa-da, örän mekir adam. Mesut her bir edýän hereketini oýlanyp edýär. Oguz serdarlarynyň harby hereketlerini yzarlamaga çalyşýar. Umuman Soltan Mesudyň keşbi çylşyrymly keşp we bu eseriň çeperçiligini artdyrýar. Eserde oguzlaryň pillere garşy öküzleri taýýarlaýyşlary, duşman goşunyny aldawa salmak üçin ulanýan tärleri ynandyryjy we käbir taryhy ýagdaýlara laýyk gelýär.  

Şeýlelikde Daňdanakan galasynda bolan taryhy söweş başlanýar we oguz serkerdeleriniň ugurtapyjylygy Soltanyň goşunynyň güýjünden rüstem gelýär. Oguzlaryň gurt oýnuny  görkezip, duşmany derbi-dagyn etmekleri  bilen söweş ýeňişli tamamlanýar. Bu taryhy ýeňşiň netijesinde-de Oguz-seljuk döwletiniň berkeli binýady  gurulýar. Ol döwletiň  binýady hemme oguzlaryň agzyrbirliginde  tutulyp, beýik başlangyç bolýar.