Sahna barada maglumat

Gumly gelin
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry

Dramaturg   G. Kakabaýewiň   „Gumly  gelin“  pýesasynyň  esasy  many-mazmun  özeni  ruhy  gymmatlyklara  gadyr  goýmak  ündewinden,  ruhybelentlikden  ybarat.

Eseriň  žanr aýratynlygynyň  şahyrana  şagalaň  diýlip  kesgitlenmegide  onuň  beýan ediş usulynyň  özboluşlylygyny,  komizmiň  hem  lirikanyň  utgaşmasyndan  dörän  özboluşly  edebi-çeper  usuly häsiýetleriň  hem  wakalaryň  täzeçe  şöhlelenşini  alamatlandyrýar.  Eseriň  gahrymanlarynyň  durmuşda  aýry-aýry  sebäplere görä  ýeke  galmagy-simwoliki  şertlilikdir.  Şu  simwoliki şertlilik  arkaly  ynsany  diňe  birek-birege  bolan  ynamyň,  söýginiň  hem  sarpanyň  birleşdirýändigi,  döwürdeşlermiziň  ruhybelentliginiň  düýp  özeniniňem  şundadygy  nygtalýar.  Adam kosmos  belentliklerine,  maddy baýlygyň  ýokary  derejesine  ýetse-de,  onuň esasy  baýlygy  ýüregi,  kalby.  Bir-birege  bolan  söýgüden,  ynamdan  ybarat  kalby.  Dünýäniň  hem ynsanýetiň  baş  baýlygy  şundan  ybarat.  Milli  hem  medeni, ruhy  gymmatlyklarymyza,  ýerimize-ýurdymyza,  häzirki  döwürde  durmuşa  geçirýän  beýik  işlerimize,  çölümize,  sähramyza, ynsan  gatnaşyklaryna,  duýgy-düşünjesine  sarpa  goýmagy  ündeýänligi  bilen  hem  eseriň  terbiýeleýjilik  ähmiýeti  ünsi  özüne  çekýär.  Şahyranalyk,  şatlyk, ruhubelentlik,  söýgi,  ynam eseriň içinden  eriş  argaç  bolup  geçýär.