Sahna barada maglumat

Taýharjyk
MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY

Aýmämmet Işangulyýewiň “Taýharjyk” atly sahna oýny.
 
Akynazar Hommyýewiň sahnalaşdyran bu sahna oýnunyň wakalary zähmetsöýer daýhanyň öýünde bolup geçýär. Daýhanyň hojalygynda zähmet çekip ýören sadaja ak ýürekli Taýharjygy ýalta, ýalançy, kezzap, kör Alaka aldowa salyp, daýhanyň ammaryndaky bugdaýlaryň hemmesini öz öýüne çekýär. Spektaklyň esasy wakasy ynha şundan soň başlanýar. Taýharjygyň, gallanyň zym-zyýat bolmagy daýhany we onuň maşgalasyny uly howsala salýar. Şu wakadan soň, Daýhan, Alabaý, Pişijek olaryň gözlegine çykýarlar. Sadaja Taýharjyk Alakanyň aldawuna çolaşyp daýhanyň ähli gallasyny Alakanyň öýüne çekenden soň, Alakadan sagbolsuna derek, garaşylmaýan urgyny alýar. Taýharjyk ine şu ýerde özüniň ýalňyşlyk göýberenligine düşünýär. Ýöne barybir giç.  Spektaklyň soňunda azaşyp ýoluny ýitiren Taýharjyga dostlary Alabaý, Pişijek kömege ýetişýärler. Alakanyň kezzaplygynyň, mugthorlygynyň üsti açylyp, ol ele salynýar. Daýhan we onuň aýaly bu wakanyň üstünden gelip, Taýharjygyň gallalarynyň tapylandygyna begenip, kör Alakanyň günäsini geçýärler. Spektakl ýaşajyk nesillerimize durmuşda halal zähmet çekip ýaşamalydygyny ündeýär.