Sahna barada maglumat

Öwez öýlenen
MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY

Annaoraz Hojamyradowyň “Öwez öýlenen” atly sahna oýny.

Bu sahna eseri türkmen halkynyň akyl-paýhasyndan, arzuw-isleglerinden, rowaýatlaryndan dörän şa dessany “Görogly” eposy esasynda ýazylan. Awtor bu eposyň “Öwez öýlenen” parçasyna ýüzlenip halkyň söýgüli gahrymany Göroglyny edermen, bilermen, gaýduwsyz her bir ýagdaýdan baş alyp çykýan akyldar hökmünde suratlandyrýar. Spektaklda Görogly halkyň guwanjy, halka medetkär gahryman hökmünde beýan edilýär. Spektaklda esasy waka Göroglynyň ýeke täk ogly Öwezi öýlendirmekden başlanýar. Agaýunus Periniň islegi boýunça oňa Leke şanyň Gülruh atly gyzyny alyp bermegi ýüreklerine düwýärler. Görogly kyrk ýigidi bilen gudaçylyga baryp, masgara bolup yzyna dolanýar. Bu ýagdaý ony maksadyndan el üzdürmeýär. Spektaklyň dowamlylygynda her hili kynçylyklar ýüze çyksa-da, Görogly oňa döz gelip öz maksadyna ýetýär. Spektaklyň soňunda Görogly ogly Öweze arzuwlanan Gülruh gyzy getirip, kyrk gije-gündizläp uly toý tutýar.