Sahna barada maglumat

Mälik şa
MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY

G.Daňatarowyň “Mälik şa” atly sahna oýny.

Sahna oýnunda XII asyryň taryhy wakalary, seljuklar nesil şalygynyň iň görnükli soltanlarynyň biri Mälik şanyň ykbaly hakynda gürrüň berilýär. Mälik şanyň hökümdarlyk eden döwründe Gündogaryň meşhur akyldarlary, alymlary, şahyrlary şa köşgünde saklanylyp, uly ylymy açyşlar edýärler. Ylymy tejribeler geçirýärler. Seljuklar nesil şalygynyň paýtagty bolan gadymy Merwde uly kitaphanalar, obserwatoriýalar, metjitler bolup, olar bu ýurdy dünýä tanadýar. Akyldar, parasatly soltan Mälik şa ylymsyz, bilimsiz ýurtda uly ösüşleriň bolmajakdygyna göz ýetirip, köşkde saklanýan akyldarlara, alymlara, şahyrlara döwlet gaznasyndan ummasyz harajatlary edýär. Spektaklyň dowamynda Mälik şanyň parasatlylygy, akyl paýhasy, akyldarlara, alym-ulamalara, şahyrlara bolan sylag-hormaty, spektaklyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.