Sahna barada maglumat

Mähek daş
MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY

Agageldi Allanazarowyň “Mähek daş” atly sahna oýny.
 
Bu sahna oýnunda suwsuz ýaşaýşyň ýokdugy, ýaşaýşyň özenidigi ündelýär. Dag çeşmesinden akyp gelýän suwuň öňüne äpet daş gaçyp böwetleýär, suwuň gelmegi kesilýär. Sahna oýny şu waka bilen hem başlanýar. Spektaklyň baş gahrymany Goç edermen zähmetkeş, bakja ekip, gün-güzeranyny görüp ýören daýhan. Suwuň kesilendigi baradaky   habary ile Alagarga getirýär. Bu habardan soň, Goç goňşulary Kirpini, Taýharjygy, Pişijegi, Güjüjegi, Tilkini, Alagargany öňüne düşürüp suwuň öňüni beklän daşy aýyrmak üçin ýola düşýärler. Olar köpçülik bolup daşy aýyrmaga synanyşýarlar, emma daş gaty ägirt bolansoň, olara per bermeýär. Çykgynsyz ýagdaýyň üstüne aýdym-aýdyp Aýy gelýär, olar Aýyny aldawa salyp, suwuň öňüne böwet bolup duran äpet daşy aýyrdýarlar. “Agzy bire Taňry biýr, agzalany gaňry biýr” diýilşi ýaly, sahna oýnunda agzybir bolup iş edilse, hiç bir bitmän galjak işiň ýokdugyny ündelýär.