Adamzadyň müňlerçe-müňlerçe ýyllyk taryhynda Ezop, Doha ýaly uly söz ussatlary, wäşi henekçiler, bälçik degişgenler ýaşap geçipdir. Olaryň arasynda dünýä meşhury - Hoja Nasyreddin Ependidir. Ýaňy-ýakynda doglan gününiň sekiz ýüz ýyllygy dünýä boýunça baýram edilen Hoja Nasyreddin Ependiniň asly seljuk türkmeni, ol Akşäher welaýatynyň Siwrihisar—Serwihisar obasynda ýaşapdyr. Hoja Nasyreddin ýedi yklymyň ulus-illerini gülkiniň, henegiň, şorta sözleriň daşyna jemlän legendar şahsdyr. Dünýäniň edebi mirasyny öwreniji alymlaryň oglarçasy hakyky taryhy şahs bolan Ependi barada onlarça kitap ýazdylar, dürli ýurtlarda çeper filmler surata düşürilip,dürli ýurtlaryň teatrlarynda Ependi hakynda oýunlar goýuldy. Emma Ependiniňem, onuň baý edebi mirasynyňam hak eýesi türkmen halkydyr.
Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Nobatguly Rejebow “Ependi, sen kim?” atly komediýasyny taryhy rowaýatlardan ugr alyp ýazypdyr. Komediýada awtor onlarça şorta sözüň, hekaýatyň üsti bilen jahana belli wäşi Ependiniň, şägirdi Ymadyň-Tersa Hojanyň, dilewar Heýjan hatynyň obrazlaryny göwnejaý işläpdir. Durşuna gülkä, kinaýa, henege-hokga ýugrulan “Ependi, sen kim?” atly komediýa” çeper sözüň gadyryny bilýän halkymyza uly serpaý bolar.