Sahna barada maglumat

Halal-hazyna
MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY

Nobatguly Rejepowyň “Halal-hazyna” atly sahna oýny.
 
Bu sahna oýnunda söýgi, halal-hazyna hakynda söhbet açylýar. Hajy Horramyň maşgalasynda 3 ogly bar. Olaryň üçüsem üç ýerden ýerem, malam gerek däl, bizi öýer, maşyn alyp ber, biz öz günimizi özümiz göreris diýip kakalaryna, ejelerine igenýärler. Üç ogly, üç ýerden söýgüniň ýoluna, yşgyň ugruna tarap gidýärler. Söýgüniň ýolundaky göreşde ýeriň, malyň, mülküň, eklenjiň gadyr-gymmadyna göz ýetiren üç ogul, ýer ekmek mala seretmek üçin kakalaryna haýyş edýärler. Türkmenlerde aýdylan söz bar. “Ýerim-eklenjim, malym-mülküm”. Zähmet terbiýesine çagyrýan bu spektaklda öz gaýratyň bilen emgenmegi, halal ýaşamagy ündelýär.