Sahna barada maglumat

Gumly gelin
MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY

Gylyçmyrat Kakabaýewiň “Gumly gelin” atly sahna oýny.

Bu spektaklda ýurdumyzyň “Türkmen köli” atly emeli kölüniň golaýynda ýerleşen gum obasynda bolup geçýän örän gyzykly hem-de özüne çekiji täsin wakalar açylyp görkezilýär. “Gumly  gelin“  atly sahna oýnunyň  esasy  many-mazmun  özeni  ruhy  gymmatlyklara  gadyr  goýmak  ündewinden,  ruhubelentlikden  ybarat.  Eseriň  žanr  aýratynlygynyň  şahyrana  şagalaň  diýlip  kesgitlenmegi-de  onuň  beýan  ediş  usulynyň  özboluşlylygyny,  gülkiniň  hem  lirikanyň  utgaşmasyndan  dörän  özboluşly  edebi-çeper  usuly  häsiýetleriň  hem  wakalaryň  täzeçe  şöhlelenşini  alamatlandyrýar.  Eseriň  gahrymanlarynyň  durmuşda  aýry-aýry  sebäplere  görä  ýeke  galmagy - simwoliki  şertlilikdir.  Şu  şertlilik  arkaly  ynsany  diňe  birek-birege  bolan  ynamyň,  söýginiň  hem  sarpanyň  birleşdirýändigi,  döwürdeşlermiziň  ruhubelentliginiň  düýp  özeniniňem  şundadygy  nygtalýar.  Adam  kosmos  belentliklerine,  maddy  baýlygyň  ýokary  derejesine  ýetse-de,  onuň  esasy  baýlygy  ýüregi,  kalby.  Birek-birege  bolan  söýgüden,  ynamdan  ybarat  kalby.  Dünýäniň  hem  ynsanýetiň  baş  baýlygy  şundan  ybarat.  Milli  hem  medeni,  ruhy  gymmatlyklarymyza,  ýerimize-ýurdymyza,  häzirki  döwürde  durmuşa  geçirýän  beýik  işlerimize,  çölümize,  sähramyza,  ynsan  gatnaşyklaryna,  duýgy-düşünjesine  sarpa  goýmagy  ündeýänligi  bilen  hem  sahna oýnunyň terbiýeleýjilik  ähmiýeti  ünsi  özüne  çekýär.  Şahyranalyk,  şatlyk,  ruhubelentlik,  söýgi,  ynam  eseriň  içinden  eriş  argaç  bolup  geçýär.