Sahna barada maglumat

Gülnarjan
MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY

N.Söýünowyň “Gülnarjan” atly sahna oýny.

Çagalar üçin niýetlenen bu sahna oýny “Gülnarjan” atly türkmen halk ertekisi esasynda ýazylan. Bu sahna oýnunda garyp çopanyň çagasy bolman, ahyry onuň orta ýaşlarynda Gülnarjan atly dünýä inýär. Gülnarjanyň ejesi dünýäsini täzeläp, ol öweý enesiniň elinde galýar we kakasyna ony öýden kowdurýar. Gülnarjan ymgyr çölüň içinde ýeke özi galyp, kynçylyklara sataşyp, döwlere duşup, ahyrynda öz bagtyna gowuşýar.