Sahna barada maglumat

Bildiriş
MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY

Ö.Galandarowyň “Bildiriş” atly sahna oýny.

Bu sahna oýnunda wakalar gülküniň üsti bilen beýan edilýär. Spektaklyň baş gahrymany Aşyr Çerkezowiç Sazakow bir kärhananyň direktory wezipesinde zähmet çekýär. Ol sallah, diňe iş diýip ylgap ýören ýigit. Dost-ýarlary, obadaşlary, garyndaşlary, hat-da pensiýoner ata-enesi hem oňa “öýli-işikli bolaý” diýip ýalbarsalar-da, razy bolman, ylgap ýören intelligent. Ene-atasynyň bu meselede paltalary daşa degip, Aşyryň dosty Myrada ony öýli-işikli etmegiň ugruna çykmagy haýyş edýärler. Myrat dostunyň ýanyna baranda, onuň ýolbaşçylyk edýän edarasyna hasapçynyň gerekdigini bilýär. Ol Aşyra gazetlere bildiriş berilmelidigini salgy berýär. Şeýle hem Aşyr köçelerde bildirişiň ýaýradylmagyny Myrada ynanýar. Ol bu ýagdaýdan peýdalanyp, “gelinlik gözleýän” diýen bildirişi ýaýradýar. Bu wakadan soň spektaklyň dowamlylygynda gülkünç ýagdaýlar ýüze çykýar. Dosty Myradyň döreden gülkünç hadysasyndan soň, zordan baş alyp çykan Aşyr Çerkezowiç spektaklyň soňunda öz obadaşy, bildiriş boýunça kärhana iş sorap gelen hasapçy gelin Keýige öýlenmäge mejbur bolýar.