Sahna barada maglumat

Aýazbabanyň sowgatlary
LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Dramaturg Öwezmämmet Galandarowyň ýazan, Režisýýor G.Jumaýewiň sahnalaşdyran “Aýazbabaň sowgatlary” atly erteki eseri täze ýylda bolup geçýän üýtgeşik waka beslenýär. Eserdäki Ýeserje mama Aýazbabanyň sowgat paýlaýan haltasyny ogurlaýar. Aýazbaba oňaýsyz ýagdaýa düşýär. Ýeserje mamanyň niýeti Aýazbabanyň çagalary begendirmek, olara täze ýylda sowgat gowşurmak işine päsgelçilik döretmekdi. Ertekä Tilki, Möjek, Jojuk ýaly personažlar gatnaşýar. Ýöne täze ýyl baýramynyň ajaýyp pursatlary bilen çagalaryň Aýazbaba garaşýan sönmejek umytlary bilen, hoş niýetli täze ýyl arzuwlary bilen Ýeserje mamanyň meýli amala aşmaýar. Ähli zat ýerbe-ýer bolýar. Täze ýyl baýramçylygy agzybirlikde şowhun bilen garşylanýar.