“Elwan ýaglykly serwim” spektaklynyň sýujet ýordumy ýönekeýden sada, durmuşyň özi ýaly tebigy, şol bir wagtda hem ynsan ykbaly, psihologiýasy ýaly çylşyrymly. Oýnuň wakasyny ýaşlyk ýyllary söýgüsini, söýgülisini, söwer ogluny ýitiren Ylýas gürrüň berýär. Spektaklyň wakasy uruş ýyllarynyň yzýany lepesi asmana girip gidýän Týan-şan daglarynyň geçmesi kyn geçitlerinden geçip, dagdan aňyrdaky etraplara ýük daşaýan awtoulaglar bazasynyň sürüjileriniň durmuşyndan söhbet açýar.
“Elwan ýaglykly serwim” atly bu dramanyň baş gahrymany Ylýas garadangaýtmaz, guduman, töwekgelden gözsüz batyr ýigit. Onuň gursagynda, aňynda, ruhunda ýalkymly ideýa, pikir ýaşaýar, Ylýas paýhasyna däl-de şol ideýa gulluk edýär, oňa adaty gahrymançylyk az, Ylýasyň hyjuwly-hyruçly, göçgünli kalbyna çykyp bolmajak belentlik, geçip bolmajak geçit, başaryp bolmajak iş gerek.Ýalkymly ideýasy bilen ýaşaýan Ylýas günleriň birinde tötänden ýat obaly sagymçy Hesel gyza duşýar, oňa ilkinji bakyşda-da aşyk bolýar. Hyjuwly ýaşlyk, Hesel gyzyň yşky onuň başbermez jylawsyz duýgularyna ot berýär. Ol hökman Dolon geçidinden geçip, at goýmaly!
Ilkinji duşuşykda biri-birini sulhy alan, ilkinji bakyşda biri-birine aşyk bolan Ylýas bilen Hesel könemöwrit däp-dessury ýykyp, durmuş gurup awtobazanyň bir jaýynda ýaşap başlaýar. Hesel söwer ýigidini tanaýandyryn öýdýär, emma tanamaýar. Has takygy ykbalyny göçgünli ýigidiň—tüweleýiň gujagyna atýar. Ol söýgüsine, söýgülisine wepaly bolup, özüniň geçmeli belentliginden geçýär.
Her bir adamyň durmuşynda geçip bolmaýan geçitden geçmek islegi bar. Ylýas şol geçitden geçmegi başarýar, emma söýgülisini ýitirýär.
Ynha, şu ýerde beýik Çingiz Aýtmatow özüniň belentligini görkezýär. Ýol ussasynyň monology bilen ol wakany düýbünden başgaça çözýär. Hesel akylly-başly hereket edip, ussanyň öýünde galýar, sebäbi ol nowjuwan ogluny tüweleýiň goýnuna atyp biljek däl. Hut şu ýerde-de beýik adamçylyk ýüze çykýar.