Erteki gahrymanlarynyň üsti bilen mekdep durmuşyndan gürrüň açýan bu wakada ýaşlar, esasanam mekdep okuwçylary üçin terbiýeçilik ähmiýetli görnüşler janlanýar. Eserde mekdep okuwçylarynyň arasynda gabat gelýän gapma-garşylykly ýagdaýlar giňden beýan edilýär we tomaşaçylary şol gapma-garşylykly ýagdaýlaryň bolmazlygyna çagyrýar. Häzirki döwrümizde ösüp gelýän ýaş nesli Watançylyk ruhunda, ata-babalarymyzyň bize miras goýup giden ýörelgeleri esasynda terbiýelemek derwaýys mesele bolup durýar. Bu meselede terbiýeçilik işini teatr sahnalarynda sahnalaşdyrylýan eserleriň üsti bilen amala aşyrmak bolsa ýaş tomaşaçylaryň aň-pikirlerine täsir edijilik güýjüniň uly bolmaklygy bilen tapawutlanýar. Mekdep synpynda esere gatnaşýan gahrymanlaryň Taýharjykdan özgesi dilleşip, oňa her okuw güni oňaýsyz ýagdaý döredýärler we netijede edilen etmişleriň hemmesini Taýharjygyň boýnuna atýarlar. Taýharjyk bolsa olaryň özüne eden ýamanlyklaryna ýamanlyk bilen jogap bermeýär. Bu ýagdaýlaryň günüň-gününe gaýtalanmagy Taýharjygy juda agyr ýagdaýa salýar. Emma ol muňa garamazdan synpdaşlarynyň her birine başardygyndan ýagşylyk etmäge çalyşýar. Ahyrsoňy Taýharjygyň synpdaşlary eden etmişleriniň nädogrydygyna düşünip ökünýärler.
Bu eseriň esasy maksady ýaş tomaşaçylara ýamanlygy diňe ýagşylyk bilen ýeňip bolýandygyny düşündirmekden ybaratdyr.