Ö.Galandarowyň “Awazada ak goýun toýy” atly sahna oýny.
Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe ýetilýän beýik sepgitler şanly taryhymyzyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Şeýle belent sepgitleriň biri-de Hazaryň gül kenarynda Eziz Arkadagymyzyň yhlasyndan dörän dostluk mekany, syýahatçylyk merkezi, merjen şäher Awazadyr. Režissýor we dramaturg Öwezmämmet Galandarowyň “Awazada ak goýun toýy” atly eseri Awazada bolup geýçän ajaýyp wakalara bagyşlanýar. Eseriň esasy gahrymanlarynyň öz ene-atalarynyň ak goýun toýlaryny merjen Awazada toýlamaklyk kararyna gelýärler. Emma ene-atalary bu pikiri kynrak görýärler. Sebäbi Awazada toýlanjak ak goýun toýa ähli dogan-garyndaşlaryň gatnaşyp biljek ýa-da bilmejegini alada edýärler. Ýöne munuň düýbinde toýlary goşalandyrmak maksady bardy. Awazada medeniýet hepdeligi geçirilýärdi. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän medeni çärelere gatnaşmak bilen birlikde toýlary goşalandyryp, eseriň netijesinde ak goýun toýlar Awazada toýlanýar.