Sahna barada maglumat

Alty gelin
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry

Tatarystanyň meşhur dramaturgy Zaki Zaýnulliniň “Alty gelin” atly dramasy dokumental eser. Tatar dramaturgynyň bu eseri dünýäniň birnäçe ýurtlarynda goýuldy. Dramanyň wakasy ýaňy Watançylyk urşy başlaýan döwründe Raýewka atly tatar obasynda hakykatda bolup geçipdir. Beýik Watançylyk urşunyň başlaýan döwründen söhbet açýan  bu eseriň wakalary diýseň dartgynly. Spektaklda    ýowuz pajyga-da, gülküli, degişmeli komediýa-da, dartgynly drama-da alaýag ýaly garylypdyr. 

“Alty gelin” dramasynyň sýujet ýordumy ýönekeý. Dünýä taryhynda şindi görülmedik ikinji jahan urşy, gahrymançylykly, gazaply döwür başlaýar, Günbatardan dişine çenli ýaraglanan faşistler sülsady ýurdy bir ýanyndan ýakyp-ýandyryp gelýär. Ýaş ýigitler tapgyr-tapgyr  söweşe gidýär, olaryň gerdenine watany goramak borjy, ýaş gyzlaryň- gelinleriň gerdenine  bolsa  söwer ýigitleriniň deregine-de  işlemek paýy düşýär. Ine şol gelinleriň biri telefon arkaly birnäçe  wagt mundan öň söweşe ugradan ýanýoldaşlarynyň— söweş türgenleşigini  geçip, birnäçe günde-nem söweşe ugraýandygy, häzirem golaýdaky Raýewka stansiýadadygy barada habar gelýär. Bu habar dem salymda oba ýaýraýar. Ýanýoldaşlarynyň alys bolmadyk stansiýada söweşe ugramaga garaşyp ýatanyny eşiden gelinleriň kalbynda söýgüsi möwç urýar. Gelinler alty sany. Oýunda alty gelniň her biriniň  keşbi şeýle aýyl-saýyl   işlenipdir. Olaryň ykballaram meňzeş, ýaşaýyşlaram meňzeş, emma her biriniň hüý-häsiýeti, edim-gylymy dürli-dürli. Gelinleriň birini beýlekisi bilen bulaşdyrjak gümanyň ýok. Gelinleriň ýaşy ýaňy öýe düşüpdir, ulusy  durmuşyň hözürini görüp adamsy bilen döwletli-döwranda ýaşap ýörenine bäş-alty ýyl bolupdyr. Gelinler durmuşy söýýär, ýurduny söýýär, watan goragyna barýan ýigitlerini söýýär. Ol  belent söýgi bolsa gelinleri hatarly ýola atarýar. Olaryň gyzgalaňly orak döwri işi taşlap Raýewka stansiýasyna gitjek bolmasy kolhoz başlygyny gazap atyna mündürýär. Gelinler başlykdan at bilen araba haýyş edýär, emma başlyk olara atam, araba-da, rugsadam bermeýär. Gelinler goja Adaş aganyň ýardamy bilen araba tapýar.

Spektaklda teatryň görnükli artistleri oýnady.

Paýtagtymyzyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda goýlan “Alty gelin” spektakl teatryň naýbaşy dramasyna öwrüldi.